Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24 25 26 27 28
29
30

Aşgabat kazyýeti Migrasiýa gullugynyň Halykowa girizen gadaganlygyny esaslandyrmagyny soraýar

0

Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň kazysy Bahar Berdiýewa 29-njy oktýabrda Nurgeldi Halykowyň peýdasyna karar çykardy, Migrasiýa gullugynyň öz gadaganlygyny esaslandyrmagy soralýar diýip, “Türkmen.news” neşiri habar berýär.

Halykowyň ýüzbe-ýüz bolan syýahat gadagançylygyny ýakyndan yzarlaýan neşiriň ýazmagyna görä, türkmen kazysy Migrasiýa gullugynyň onuň ýurtdan çykmagyny çäklendirýän administratiw aktyny esasandyrmagyny talap edýär.

Migrasiýa gullugynyň bu kararyň üstünden şikaýat etmek üçin 30 gün wagty bar. Bolmasa, döwlet gullugy Nurgeldi Halykowyň ýurtdan çykmagyna girizilen gadaganlygyň möhletini we beýle karara gelinmeginiň sebäbini görkezmeli.

Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, Migrasiýa gullugynyň wekilleri mundan öň Halykowyň ýurtdan çykmagyny gadagan etmek baradaky kararyň özleri tarapyndan däl-de, belli bir "ygtyýarly edara" tarapyndan kabul edilendigini öňe sürüpdiler.

Şeýle-de, kazyýet Migrasiýa gullugynyň bu diýilýän edaranyň adyny aýtmalydygyny aýdypdyr.

Nurgeldi Halykow öňki syýasy tussag bolup, ol galplyk aýyplamasy bilen dört ýyl türme tussaglygyny çekdi, emma hakykatda ol Turkmen.news bilen hyzmatdaşlyk edendigi üçin ýanalýar diýip, habarda aýdylýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса