Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24 25 26 27 28
29
30

ABŞ owgan raýatlarynyň bosgunlyk haýyşlaryna seretmegi togtadýar

0

ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugy (USCIS) owgan raýatlary üçin ähli immigrasiýa meselelerine seretmegi näbelli bir möhlete çenli togtadýandygyny yglan etdi diýip, “Fox” neşiri habar berýär.

Resmi beýanatda aýdylmagyna görä, ähli immigrasiýa haýyşlary boýunça alnyp barylýan işler "näbelli bir möhlete çenli, howpsuzlyk we barlag protokollary mundan aňryk, gaýtadan gözden geçirilýänçä" togtadylýar.

Bu beýanat ABŞ-nyň esasy baýramçylyklarynyň biriniň, “Thannksgiving”, Sagbolsun gününiň öňüsyrasynda, 26-njy noýabrda Waşingtonda, Ak Tamdan birnäçe kwartal uzaklykda, Milli gwardiýanyň iki esgeri köçelerde gözegçilik edýän wagtynda tüpeňlenip, agyr ýaralanyndan soň edildi.

Güman edilýän çüňküň aňyrsyndan çykdy-da, “olary gabady" diýip, Waşington şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýa başlygynyň kömekçisi Jeff Kerroll aýtdy. Milli gwardiýanyň esgerleri agyr ýagdaýda hassahana ýerleşdirildi.

Güman edilýän tussag edildi we ol hem ok ýarasyny aldy.

ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk departamenti onuň owgan raýatydygyny, "2021-nji ýylda amerikan goşunlary Owganystandan çykarylandan soň, “barlanmazdan we köpçülikleýin Birleşen Ştatlara goýberilen köp sanly adamlaryň biridigini" habar berdi.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса