Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24 25 26 27 28
29
30

Tejenli gallaçylar özlerine berilmeli azodyň 25% kemeldilýändigini aýdyp, häkimiýetleri ‘dökün ogurlygynda’ aýyplaýarlar

0
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan daýhan birleşiginde ýerli häkimiýetler gallaçy kärendeçi daýhanlaryň ekerançylyk meýdanlaryna azot paýlamak işlerine girişdiler.
Kärendeçileriň ençemesi paýlanýan azodyň möçberiniň kemeldilýändigini, döwlet tarapyndan kesgitlenen mukdardan takmynan 25% az berilýändigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Häzir potratçylar öz potrat meýdanlaryna azot daşaýarlar. Ýöne olar azody getirensoň ölçäp görende, onuň kemeldilip berlendigini bilip galýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly gallaçy kärendeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bellesek, häzirki wagtda ýurtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler, şol sanda azot bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Bu barada ýurduň Ministrler Kabinetiniň 21-nji noýabrda geçiren mejlisinde habar berildi.
Kärendeçileriň sözlerine görä, özleriniň döwlet bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, kärendesine berlen her 1 gektar ekin meýdany üçin 372 kg azot berilmeli. Ýöne ýerli häkimiýetler bu düzgüni berjaý etmeýärler.
"Bular dökün ogurlygy"“Men 7 gektar kärende ýerim üçin 2,6 tonna azot almaly. Ýöne maňa doly 2 tonna hem bermändirler. Maňa 50 halta azot gaplap berdiler. Meniň olary getirip, terezimde ölçäp görsem, her haltada 40 kilograma golaý azot bar eken. Olaryň hemmesini goşanymda 2 tonna hem doly ýetmeýär” diýip, ýerli kärendeçileriň ýene bir anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, azody kemeldilip berlen kärendeçiler ýerli oba hojalyk resmileriniň ýanyna baryp, bu ýagdaý barada arz edende, olaryň arz-şikaýatlary diňlenmeýär.
“Siziň tereziňiz dogry ölçemeýändir diýip, gohlaşyp, kärendeçileri yzyna ugradýarlar” diýip, ýerli kärendeçileriň ýene bir anonimlik şertinde aýtdy.
Kärendeçileriň ençemesi ýerli häkimiýetleriň bu çärelerini “dökün ogurlygy” atlandyryp, olaryň özlerine berilmeli azody hususy ýerlerinde ekerançylyk bilen meşgullanýan daýhanlara satýandygyny aýdýarlar.
“Her kärendeçiden 600 kilogram azody alyp galsalar, bu olar üçin ummasyz pul bolýar. Gallaçy kärendeçiler bolsa, göz öňünde tutulan mukdardaky azody ulanmandygy sebäpli, hasylyň pes bolmagyndan ejir çekerler” diýip, kärendeçi belledi.
"Gohlaşyp, urşup almaly bolýarlar"Bu aralykda, heniz azot almadyk gallaçy kärendeçileriň ençemesi bu wakalary eşidensoň, azody kem almajak bolup, ýanlary bilen terezi alyp barýarlar.
“Ýerli oba hojalyk resmileri muňa-da nägilelik bildirýärler. Olar kärendeçilere öz terezilerinde ölçetmejek bolýarlar. Kärendeçiler azody gohlaşyp, urşup almaly bolýarlar” diýip, tejenli kärendeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda daýhan birleşigiň arçynlygyndan teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda döwlet kärendeçi daýhanlary oba hojalyk ýeňillikleri, şol sanda suw, tohum, dökün, tehnika bilen üpjün etmäge borçlanýar. Öz gezeginde, kärendeçi daýhanlar döwlet bilen şertnama esasynda kärende ýerlerinde oba hojalyk ekinlerini, şol sanda bugdaý ösdürip ýetişdirmegi, ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmagy öz üstüne alýar.
Şertnamada görkezilen borçnamalara garamazdan, gallaçy kärendeçiler ýyllarboýy ekerançylyk suwlarynyň, mineral dökünleriň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi bilen bagly dürli problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Tehnika ýetmezçiligi
Bu aralykda, tejenli kärendeçileriň ençemesi häzirki wagtda azody sepmek üçin tehnikanyň hem ýetmezçilik edýändigini we munuň hasyla täsir etmeginden howatyrlanýandyklaryny aýdýar.
“Men ekin meýdanyma azody eltip gaýtdym. Tehnika haçan gelip azot sepip berer diýsem, ‘boşadygy baryp sepip berer, häzir tehnikany togtadamyzok, gije-gündiz işledýäris’ diýip aýtdylar” diýip, kärendeçi belledi.
Türkmen häkimiýetleri soňky hepdelerde geçirilýän hökümet maslahatlarynda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň geçirilýändigini aýdyp gelýärler.
Ýöne ne häkimiýetler, ne-de ýurduň metbugat serişdeleri kärendeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary we munuň olara, şeýle-de ösdürip ýetişdirýän hasylyna ýetirýän täsirleri barada gürrüň gozgaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса