Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24 25 26 27 28
29
30

Et gymmatçylygynyň arasynda möhleti geçen et önümleri satuwa çykarylýar, iýmitden zäherlenýän ýaşaýjylar ‘köpelýär’

0
Balkanabat şäherinde ýerli etiň bir kilogramynyň bahasy 160 manada golaýlan mahaly, soňky günlerde döwlet we hususy dükanlarda ulanyş möhleti geçen şöhlatlar, gaplanan et önümleri satuwda peýda bolup başlady.
Bu önümleriň hyrydary köp. Bu aralykda, iýmitden zäherlenip, sebitiň hassahanalaryna ýüz tutýan raýatlar göz-görtele köpelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Häzir döwlet we hususy dükanlarda ulanyş möhleti geçen kolbasalary, gaplanan et önümlerini, şol sanda tuşonkalary zibile taşlaman, ilata asyl bahasyndan 5 manat arzan satyp, gazanç edýärler. Bu önümleriň gutulary aşa çişen, ýöne dükan işgärleriň köpüsi onuň zaýa däldigini aýdýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bu ýagdaýlara şäheriň tas ähli dükanlarynda, şol sanda iri söwda merkezlerinde duş gelse bolýar. Bularda, meselem, 300 gram bolan metal gaply ýerli et önümi ozal 46 manat bahalanan bolsa, häzir 41 manatdan satylýar. Has kiçi göwrümdäki gaplanan et önümlerini 20 manada hem satyn alyp bolýar.
“Käbir hususy dükanlaryň satyjylary bu et önümlerinden satyn alýan alyjylara olaryň möhletiniň geçendigini öňünden duýdurýarlar. Olar ‘eger satyn alsaňyz, nahara goşmazdan ozal dadyp görüň, üýtgäp zaýalanan bolsa iýmäň’ diýýärler” diýip, balkanabatly ýaşaýjylaryň ýene biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
"Taşlasak zyýan çekýäris"Telekeçileriň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda möhleti geçen gaplanan et önümlerini zibile taşlasalar uly maddy zyýan çekýändiklerini aýtdy.
“[Telekeçiler] ýerli sanepidemistansiýa, ýagny Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ýerli edarasyna we salgyt gullugyna para berip, barlaglarda göz ýummagyny soraýarlar we möhleti geçen et önümleriniň söwdasyny arkaýyn, päsgelçiliksiz edýärler” diýip, agzalan edaradaky bir çeşmämiz anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Balkanabatdaky edarasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 27-nji noýabrda gullugyň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi. Azatlyk bu barada şäher häkimligi we polisiýa bölümi bilen hem habarlaşyp bilmedi.
Habarçymyz şäheriň bazarlarynda ýerli sygyr etiniň bir kilogramynyň 160 manada golaýlan mahaly, bu önümleriň hyrydarynyň köp bolmagynda galýandygyny aýdýar.
Iýmitden zäherlenmek hadysalaryÝöne ol munuň bilen bir wagtda, soňky günlerde iýmitden zäherlenip, sebitiň hassahanalaryna ýüz tutýan raýatlaryň hem göz-görtele köpelýändigini belleýär.
“Häzir Balkanabat welaýat hassahanasynyň toksikologiýa bölümi iýmitden zäherlenýän adamlardan doly. Biz ýetişemizok. Her gün uly we kiçi ýaşly adamlaryň, şol sanda çagalaryň onlarçasy ýüz tutýar. Olaryň ählisiniň iýmitden zäherlenendigi anyklanýar. Klizma edip, damardan damja sanjymlary goýberýäris” diýip, ýagdaýlardan ýakyndan habarly hassahana işgäri anonimlik şertinde beren maglumatynda näsaglaryň köpüsiniň möhleti geçen et önümlerini iýendiklerini aýdýandygyny hem belledi.
Saglyk işgäriniň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, olar hassahana gelýän raýatlara, şeýle-de dogan-garyndaşlaryna we tanyş-bilişlerine möhleti geçen et önümlerini iýmezligi maslahat berýärler.
“Möhleti geçen tuşonkadan zäherlenip, hassahanada ýatandan, gaplanan et önümleriniň puluna 200-300 gram et satyn alynsa has gowy bolardy” diýip, agzalýan hassahananyň ýene bir işgäri anonimlik şertinde beren maglumatynda ilatyň iýmitden zäherlenmek wakalarynyň köpelmegi we onuň sebäplerini öňüni almak boýunça ýerli häkimiýetler tarapyndan haýsydyr bir anyk çäre görülmeýändigini hem aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada 27-nji noýabrda sebitiň welaýat hassahanasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Redaksiýa ýerli saglyk bölümi bilen hem habarlaşyp bilmedi.
Türkmenistanda soňky bäş aýyň dowamynda ýerli etiň bahasy 100%-e çenli gymmatlady. Iýul aýynyň başynda 1 kilogramy 80 manat bahalanan ýerli sygyr eti häzir ýurduň aglaba böleginde 160 manatdan satylýar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu gymmatlama barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Ýöne häkimiýetler ýurduň käbir sebitlerinde ilata arzan bahadan, has takygy 1 kilogramy 35-40 manatdan doňdurylan eti çäkli möçberde wagtal-wagtal hödürleýärler. Geçen hepde bolsa, Mary welaýatyndaky habarçymyz Baýramaly etrabynda et dükanlaryndan etiň bahasyny arzanlatmagyň talap edilýändigini habar berdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса