Türkmenistanyň suw meselesi ýurduň geosyýasy geljegine hem wehim salyp biler - Synçy
Ýerli hünärmenler diňe Garagum derýasynyň, ondan gözbaş alýan kanallaryň we ýaplaryň däl, eýsem, şor suwlary ýygnaýan akabalaryň hem gyzgyn gün astynda, yssy howada bugarmagynyň we howany hapalamagynyň öňüni almaga çagyrýarlar.
“Ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak üçin, zeýkeş akabalaryny täzeden dikläp, olary hem turbalara, ýapyk görnüşli akabalara geçirmeli, bu işden serişde gysganmak gaty ýalňyş” diýip, ýerli hünärmen aýtdy.
Şol bir wagtda, hünärmenler suw tygşytlamak meselesine has oýlanyşykly, töwerekleýin çemeleşmelidigini, sebäbi bu meseläniň ýurtdaky azyk howpsuzlygynyň, diňe daýhançylygyň däl, maldarçylygyň hem esasynda durýandygyny ýatladýarlar.
Ekilýän ekinler we suw meselesine täzeden seretmeliTürkmenistanda ekilýän ekinler, oturdylýan bag nahallary, şol sanda ummasyz köp suw talap edýän gowaça baradaky meselelere täzeden, ýurduň klimatyna we daýhanlaryň alyp biljek real girdejilerine laýyklykda, ylmy esasda çemeleşmelidigi barada geçen asyryň 80-nji ýyllarynda gürrüň edilip başlandy.
Sebitdäki suw meselesiniň ýitileşmegi bilen, döwür ýene ekilýän ekinler we olara sarp edilýän suw baradaky meseläni gün tertibine getirdi diýip, ýerli hünärmen pagtaçylygy ‘halas bolmaly gulçulyk’ hökmünde häsiýetlendirdi.
“Biziň klimatymyza laýyk gelýän we köp suw talap etmeýän ekinleri ekmeli, pagta gulçulygyndan halas bolmaly" diýip, suw hojalyk hünärmeni aýtdy.
Azatlygyň yzygiderli habar berşi ýaly, ýurtda diňe ekin meýdanlary däl, ilat hem suw, agyz suwy meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
“Agyz suwy bilen üpjünçilik meselesi barada aýdylanda, ýurduň tas ähli künjeginde, has hem Balkan, Daşoguz, Ahal welaýatlarynda ýiti agyz suw ýetmezçiligi duýulýar. Häkimiýetlerden hiç hili goldaw tapmadyk adamlar öz hasaplaryna suw maşynlaryny çagyryp, öý hojalyklarynda we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gapdallarynda gurlan suw guýularyny doldurýarlar. 10-50 litrlik uly plastik gaplardaky suwy sargyt edýärler” diýip, hünärmen aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, ýerli suw desgalaryndan turba arkaly iberilýän suw hem, köp halatlarda, bir gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy 1-2 sagat berilýär we ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligi uly problema bolmagynda galýar.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan hünärmenler, oba we şäher ýaşaýjylary bu meselede hem töwerekleýin, düýpli çemeleşmeleriň wagtynyň gelendigini aýdýarlar. Olaryň köpüsiniň pikiriçe, ilkinji nobatda, ilatly ýerlerdäki lagym we kanalizasiýa ulgamlarynyň işini kämilleşdirmeli, suw arassalaýjy desgalary gurmaly, arassalanan suwy ekerançylyk ýerlerine ibermek bilen, ýiti suw ýetmezçiliginiň täsirini peseltmegi baş meseleleriň biri edip goýmaly we bu çäreleriň zerurlygy barada giň düşündiriş işlerini geçirmeli.
Suwy 'iň köp sarp edýän ýurt' diýilmegi gowy däl
Ýerli synçylaryň köpüsi Türkmenistanyň onýyllyklaryň dowamynda çözmän gelýän suw üpjünçiligi meselesi, soňy bilen, ýurduň geosyýasy gelejegini hem 'uly howp astyna salyp biler' diýip alada edýär.
"Eýýäm häzir Türkmenistanyň sebitde iň köp suw sarp edýän döwletdigi aýdylýar. Bu nämäni yşarat edýär? Ýakyn geljekde suwsuzlykdan ejir çekýän goňşy ýurtlaryň häkimiýetlerine gelýän ýaş, postsowet liderleriniň Türkmenistana häzirki sowetlerden galan häkimiýetlere garanda has "talap ediji we tutanýerli" häsiýetde garap başlamagy mümkin. Munuň esasy sebäbi hem, paradoksal ýagdaýda Türkmenistanyň hökümetiniň alyp barýan bitaraplyk we ýapyklyk syýasaty bilen bagly” diýip, aşgabatly syýasy synçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, goňşy Özbegistanyň, Gazagystanyň ýaş ilaty, şol sanda iru-giç häkimiýete geljek ýaş emeldarlary 30 ýyldan bäri dolulygyna ýapyk Türkmenistan bilen tasdan hiç hili tanyş däl, olar sowet döwründen galan "dost-doganlyk, umumy taryh" ýaly howaýy gürrüňlerden has daşda.
Şeýle-de, söhbetdeşimiz goňşy ýurtlarda ýiti suw ýetmezçiliginiň emele gelmeginiň we, şol bir wagtda, Türkmenistanyň häzirkisi ýaly, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça iş ýüzünde hiç hili çözgüt tapmazlygynyň sebitiň beýleki ýurtlarynyň emeldarlaryny, ýolbaşçylaryň ýaş, täze neslini Türkmenistan babatda berk pragmatik, gerek ýerinde talap etmek we jogaba çagyrmak syýasatyna alyp barjakdygyny nygtady.
“Şu sebäpden, Türkmenistanyň gelejekde ýüzbe-ýüz boljak geosyýasy kynçylyklarynyň öňüni şu günden alyp başlamak zerur. Bu meselede, ilkinji nobatda, türkmen häkimiýetleriniň howaýy gürrüňden we hamala başga planetada ýaşaýan ýaly, anyk meseleleri aç-açan boýun almazlyk syýasatyndan el çekmeli, özara ynanyşmak we görnetin, göze dürtülip duran problemalary umumy hereket bilen çözmäge ymtylmaly " diýip, paýtagtly syýasy synçy öz pikirini jemledi.
Şu aralykda, Marydaky habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen maldarlaryň aýtmaklaryna görä, ýurtda mallary wagtly-wagtynda suwa ýakmak hem uly problema öwrülýär, adamlar öz içjek agyz suwlaryny mallary bilen paýlaşmaly bolýarlar.
Baýramalyda ilat 5 gün bäri 'suwsuz otyr'Habarçymyzyň 26-njy noýabrda beren habaryna görä, Mary welaýatynyň Baýramaly etrap merkezine 5 gün çemesi wagt bäri agyz suwy berilmeýär.
“Agyz suwy bilen üpjün edýän uly suw nasosy hatardan çykdy. Ony bejerip bolmady. Täze, zapasda duran nasos ýok. Şol sebäpden suw akanok” diýip, Azatlygyň habarçysy suw edarasynyň işgärine salgylanyp aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Baýramalyda adamlar içjek suwlaryny wodawoz suw ulaglary bilen getirdip içýär.
Maglumat üçin aýtsak, türkmen obalarynda we etrap ýerlerinde bir zaman mugt diýlen agyz suwy hemişe işiklerde gazylan guýularda, beýleki gaplarda saklamak üçin satyn alnyp getirdilýär we içerde ýa howluda grantdan akýan suw, kanunlarda kepillendirilen suw üpjünçiligi ýurt ilatynyň aglaba köpçüligi üçin diňe arzuw bolup galýar.
Baýramalyda hatardan çykan suw nasosy, söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, hojalyklardan 5-10 manatdan pul ýygnamak zerurlygyny döredipdir, “täze nasos almak üçin döwletimiziň býujetinde pul ýok” diýip, çeşme suw edarasynyň işgäriniň sözlerine salgylanyp aýtdy.
“Täze nasos almasak, bizde nasosy bejermäge ýa-da täze nasos almaga hiç ýagdaý galmady” diýip, başlyk Aşgabatdaky ýolbaşçylara hem aýdypdyr. Emma olar “öz meseläňizi özüňiz çözüň, bizde-de täze nasos ýok” diýip jogap beripdiler. Hojalyklar onsuzam agyz suwy üçin özbaşdak çykdajy edip, turba çekdi, suw ölçeýji uçýotçigi özleri satyn aldy. Her 2 ýyldan uçýotçigi barlagdan geçirjek bolsalar, ýene çykdajysy halkyň üstüne ýüklendi” diýip, suw hünärmeni ýaşaýjylaryň her aýda harçlanan agyz suwy üçin hem hasaplaşyp durandygyny, bolmasa olaryň suwunyň kesilýändigini sözüne goşdy.
Onuň pikiriçe, halkdan her aýda ýygnalan pullar nirede diýen sorag emele gelýär.
“Adamlar her aý suw üçin pul töleýär, ol pullar nirede?” diýip sorasak, başlyk bu serişdeleriň paýtagt Aşgabada, degişli edarasyna geçirilýändigini aýdýar” diýip, hünärmen bu jogabyň ilat arasynda uly nägilelik döredýändigini belledi.
Söhbetdeşimiziň tassyklamagyna görä, adamlar ‘pul Aşgabada gidýän bolsa, goý, şolar hem halky suw bilen üpjün etsin. Türkmen halky öňem ýaplardan, guýy gazdyryp suw içip ýören halk. Biz ýene, täzeden guýy suwuny içäýeris, ýöne agyz suwy üçin daşyndan, her enjam hatardan çykanda, 5-10 manat berip biljek däl” diýýärler.
Şeýle-de, adamlar agyz suwunyň bahasynyň ‘şu ýylyň başynda 2 esse göterilendigini’ aýdyp, döwletiň almaly bolanda ‘ökdeländigini’ hem öňe sürýärler.
Maglumat üçin aýdylsa, sebitde, Türkmenistanyň duldegşir goňşy ýurtlarynda hem suw ýetmezçiligi, gurakçylyk bilen bagly meseleler ýitileşýär we bu ýagdaý barada jemgyýetçilikde, hökümet mejlislerinde açyk gürrüň edilýär.
Türkmenistan, sebit we dünýä ýurtlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, ýurt ilatynyň öňünde duran we anyk çözgütleri talap edýän meseleler barada açyk gürrüň edilmegine indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri ýol bermän gelýär we uly ösüş sanlaryny çap etmegi dowam etdirýär diýip, synçylar aýdýar.
Azatlyk ýurduň we sebitiň suw meselerini geljekde hem ýakyndan yzarlar we ýerli hünärmenleri hem öz pikirlerini, tejribelerini paýlaşmaga çagyrýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
