Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2025
1
2
3 4 5 6 7
8
9
10 11 12 13 14
15
16
17 18 19 20 21
22
23
24 25 26 27 28 29
30

Öňki bendi: Lebabyň türmesindäki ‘agyr şertlerde’ tussaglaryň arasynda AIW, AIDS we gepatit keselleri ýaýraýar

0

Lebapdaky LBK/12 türme koloniýasynda bendileriň arasynda AIW, AIDS we gepatit keselleri ýaýraýar we muňa bu ýerdäki agyr şertler, şeýle-de erkekleriň arasyndaky jynsy gatnaşyklar sebäp bolýar diýip, ýakynda bu ýerden boşadyln öňki tussag Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Anonimlik şertinde gürrüň beren söhbetdeşimiziň aýdanlaryny Azatlygyň Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmesi hem tassyklady.

“Bu türmede ýurduň Jenaýat kodeksiniň 133-nji we 116-njy maddalary esasynda günäli tapylan bendiler üçin aýratyn barak bar. Bu barakda takmynan 100 adam saklanýar, olaryň dörtden bir bölegi AIW, AIDS ýa-da gepatit bilen kesellän bendilerdir” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 133-nji maddasy “Beçebazlyk” we 116-njy maddasy “AIW ýokanjyny ýokuşdyrmak” boýunça bolup, bu maddalar degişlilikde 2 ýyldan 20 ýyla çenli we 3 ýyldan 8 ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Söhbetdeşimiziň sözlerine görä, bendileriň köpüsi hossarlarynyň kömegini alyp bilmeýär we türmede iýmitiň hiliniň pesligi sebäpli ten söwdasy bilen meşgullanýar.

“Olar çilim, iýmit ýa-da pul üçin goragsyz jynsy gatnaşyklara girýärler, şol sanda geteroseksuallar bilen hem” diýip, öňki bendi aýdýar.

"Administrasiýa we sakçylar ýagdaýdan habarly"Türmedäki ten söwdasy, öňki bendiniň tassyklamagyna görä, jynsy jenaýatlar üçin höküm edilen tussaglar tarapyndan gurnalýar.

“Olar esasan türmäniň önümçilik zolagynda işleýärler. Administrasiýanyň we sakçylaryň bu ýagdaýdan habary bar. Olar her aýda iki paçka çilim almak bilen seslerini çykarmakdan saklanýarlar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.

Onuň sözlerine görä, LBK/12 türmesiniň saglyk bölüminde hem bendilerden ybarat bolan saglyk işgärleri işleýärler. Olar köplenç üç adamdan köp bolmaýar.

“Olar administrasiýa hasabat bermän, goşmaça töleg esasynda medisina otaglaryny jynsy gatnaşyklar üçin ulanmaga berýärler. Töleg dürli bolup, käbir ýagdaýlarda çilim ýa-da 20 manat bilen tölenýär. Syrkaw bendiler günde birnäçe gezek jynsy gatnaşyk saklap, türmede AIW, AIDS we gepatitiň giňden ýaýramagyna sebäp bolýarlar” diýip, ol belledi.

Söhbetdeşimiziň bu aýdanlaryny Azatlygyň Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmesi hem tassyklady. Çeşmämiz türmä merkezi barlagçylar baranda, bu ýagdaýlary öwrenmän, türmäniň ýolbaşçysynyň otagyna girýändigini aýdýar.

"Türmäniň daşyna ýaýramak howpy"“Adatça bolşy ýaly bu ýerden olar para alyp gidýärler. Türmedäki ýagdaýlar barada şäheriň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň aglabasy bilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Ol bu ýgadaýlaryň bendileriň arasynda howply ýokanç keselleriniň has ýokary depgin bilen ýaýramagyna sebäp bolýandygyny aýdyp, munuň öňüni almak boýunça çäre görülmese, onuň türmäniň daşyna hem ýaýrap biljekdigini belleýär.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda agzalýan türmeden we welaýatyň Polisiýa müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Halkara hasabatlarynda Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär. "World Prison Brief" neşiriniň 2022-nji ýyldaky hasabatyna görä, Türkmenistanda ýurduň ilatynyň her 100 000 adamyna 576 tussag düşýär. Bu, dünýädäki üçünji uly görkezijidir.

Adam hukuklaryny berk çäklendirmekde we kemsitmekde tankytlanýan Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda Içeri işler ministrligi ýurduň türmelerindäki tussaglaryň sany, olardaky şertler barada aç-açan maglumat bermeýärler. Şeýle-de, Türkmenistan garaşsyz ekspertleriň türkmen türmelerine baryp görmeklerine rugsat bermezlikde tanalýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar we öňki tussaglar türmelerdäki ýaramaz tussaglyk şertleri we korrupsiýa barada ençeme gezek maglumat berdiler.

Şeýle-de, halkara guramalarynyň adam hukuklary boýunça hasabatlarynda türkmen türmelerinde tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi, olara adamkärçiliksiz çemeleşilýändigi, adamlaryň janyna howp salýan aýylganç türme şertlerinde saklanýandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса