Arzan eti 'gögerdip satmak' usuly emeli bolçulygy uzak saklaýar - Çeşmeler
Çeşmeler adamlaryň oturan-turan ýerlerinde gytçylykdan, azyklaryň hilinden, nyrhlardan we saglyk ýagdaýlaryndan söz açýandygyny, emma bu ýagdaýlar barada bileleşip, talap bilen çykmaga çekinýändiklerini aýdýarlar.
Çeşmeler we habarçylar öňler daşary ýurtlardan getirilen towuk budunyň 1 kilogramynyň 16 manatdan, her ele çäklendirilen möçberde satylandygyny, döwlet dükanlarynda elýeter bahadan satylýan guş etiniň hyrydary köp bolansoň, alyjylaryň uzyn nobatlara durmaly bolandygyny belleýärler.
Ozallar esasan ýerli mallaryň etinden nahar bişirinen türkmenler soňky ýyllarda daşary ýurtlardan getirilen gäwmiş etine hem öwrenişmeli boldular, bu malyň etini 35 manatdan alan adamlar ony ýagda gowrup, gowurdak edinip, soň sogan, ýeralma ýaly önümleri ulanyp, gowurdak çorbasyny, beýleki tagamlary taýýarlaýarlar.
Ýöne, aýdylmagyna görä, ýerli mallaryň etini satyn alyp bilmeýän alyjylaryň bujagaz mümkinçiligini hem köp görýärler diýip, aşgabatly ýaşaýjy Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işgärlerine barmak çommaltdy.
Onuň tassyklamagyna görä, alyjylary ilata elýeter bahadan satylýan etden daşlaşdyrmak, olaryň ‘işdäsini kesmek’ üçin, Söwda ministrliginiň işgärleri dükanlarda görkezişe, witrina çykarylan önümleriň arasynda gögerip başlan etleri goýýarlar.
“15 kilogramlyk kagyz gaplara salnan etleri sowadyjylardan çykaryp, dükanyň ammarynda otag temperaturasynda saklap, gögerdip, soň witrinada görkezişde goýýarlar. Alyjylar, öňküleri ýaly dükanlara gelip, 16 manatdan berilýän towuk buduny satyn almakçy bolanlarynda, satyjylar ‘Agam, daýza, dogan, tok kesilip, towuk budy tok yslanandyr, satyn alsaňyz, soň özüňizden görüň, biziňki duýdurmak’ diýýärler.”
Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, satyjylar aýna sowadyjynyň içinde goýlan towuk buduny çykaryp, alyjylara ysgadyp, olaryň gögeren ýerlerini ‘gözlerine dürtüp’ diýen ýaly görkezýärler we bu ýagdaýdaky eti satyn almazlygy ündeýärler.
Azatlygyň çeşmesi porsap ugran etiň ysyny alan alyjylaryň burunlaryny tutup, ýüzlerini çytyp, giren dükanlaryndan yzyna lapykeç bolup çykýandyklaryny gürrüň berdi.
“Indi arzan bahadan satylýan towuk budy hemişe, hemme dükanda diýen ýaly bar, olary alýan hem, uzyn nobatlara durýan ýok” diýip, bir ýaşaýjy bu aýdylýany tassyk etdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen söwda işgäri baýramçylyklara gabat döredilýän emeli bolçulygyň çalt, çäkli ýagdaýda getirilýän harytlaryň gutarmagy bilen sowulýandygyny, ýöne ‘eti gögerdip satmak’ usulynyň emeli bolçulygy has uzak saklamaga, üstesine, Aşgabadyň ‘gelşigini gaçyrýan gykylykly nobatlary hem aýyrmaga hem gowy kömek edýändigini’ belledi.
Emeli bolçulygy uzak saklamagyň 'gowy usuly' tapyldyOnuň tassyklamagyna görä, bu hili hile-mekirliklere ýüz urýan söwda işgärlerine kanun esasynda çäre görmek, olary işden aýyrmak diýen ýaly zatlar ýok, muňa derek, bu hili ugurtapyjy işgärler soňy bilen ýokary wezipelere hem çekilýär.
“Hökümet üçin möhümi dükanlaryň tekjelerinde hemişe elýeter bahadan satylýan towuk butlarynyň gutarman durmagy, alyjylaryň uzyn nobatlarynyň bolmazlygy. Mesele ýok, kellagyry hem ýok” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Ol bu hili meselelerde häkimiýetlere arz etmegiň hiç bir peýdasynyň ýokdugyny, adamlaryň käte bir emeldar işde goýberen kemçilikleri üçin işden aýrylsa, indi gowy bolar diýip begenýändiklerini, emma hiç zadyň gowulyga tarap üýtgemeýändigini hem sözüne goşdy.
Maglumat üçin aýdylsa, ozalky söwda ministri Begenç Goçmollaýew 2024-nji ýylyň noýabrynda, wezipesinden işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin diýlip boşadyldy. Adatça bolşy ýaly, şondan onuň ýerine öňki orunbasary ministr bellendi. Emma wagtlaýyn diýip bellenen ministr Kerimberdi Gurbanow hiç zady ‘düzetmedi’ diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen bir telekeçi 1990-njy ýyllaryň başynda Murgapdan gaçan suwlaryň döreden kiçijik kölçeleriniň daşyna gözenek aýlap, etrap bazarlaryny üç-dört aýda ýumurtga, guş eti bilen üpjün etmek teklibi bilen hökümete çykandygyny, emma rugsat alyp bilmändigini gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistandaky azyk meseleleri emeli ýagdaýda, ýerli telekeçileriň we önüm öndürjek adamlaryň öňünde döredilen ýasama kynçylyklar esasynda, ilaty mätäç we garaşly, syýasy taýdan passiw saklamak üçin bilkastdan döredildi.
Türkmen häkimiýetleriniň ýazylan hatlara, telefon jaňlaryna jogap bermezlik ýörelgesi sebäpli, Azatlyk bu aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
