Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Türkmen resmileri Nipah wirusy bilen bagly çäreleri maslahat edýärler

0

Türkmenistanyň saglyk resmileri Aziýa ýurtlarynda dörän we birnäçe adamyň ölümine sebäp bolan täze wirusynyň ýaýramagyna alada bildirýärler we onuň öňüni almak boýunça çärelere seredýärler. Hindistanda ýanwar aýynda dörän we iki adamyň ölümine getiren Nipah wirusy sebäpli günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň birnäçesi barlag çärelerini girizdiler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde işleýän bir birinden garaşsyz üç çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýörite ýygnaklar geçirilýär we wirusyň öňüni almak boýunça teklipleri düzmek we ýurt ýolbaşçylarynyň garamagyna hödürlemek boýunça işler geçirilýär.

Çeşmeler ilkinji çäreleriň eýýäm girizilip başlandygyny, Hindistandan gelýän adamlaryň wirus barlagyndan geçirilýändigini we çagalar üçin bilim edaralarynda käbir talaplaryň girizilendigini gürrüň berdiler.

"Şu günki günde Hindistandan gelýän adamlaryň ählisini wirus barlagyndan geçirýärler. Mekdeplerde, çagalar baglarynda, edara kärhanalarynda günde üzärlik tütetmeli diýip buýruk berildi" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.

Ýanwarda Hindistanyň Günbatar Bengal ştatynda Nipah wirusyndan azyndan iki adam ölenden soň, Taýland, Malaýziýa we Singapur ýaly birnäçe ýurt täze barlag we gözegçilik çärelerini girizdi.

Nipah wirusy, onuň döremegi we beýleki ýurtlaryň görýän çäreleri barada Türkmenistanyň saglyk ýolbaşçylary tarapyndan resmi çykyş entek edilmedi. Döwlet metbugatynda hem bu barada hiç hili habar bolmady.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen iki saglyk resmisiniň aýtmagyna görä, 28-nji ýanwarda migrasiýa, gümrük we saglyk resmileriniň gatnaşmagynda ýygnaklar geçirilip, Nipah wirusy hakynda gürrüň edilipdir.

'Näsaglaryň bardygy aýdyldy'Türkmenistanyň Saglyk ministrliginde geçen hepde uly ýygnaklaryň geçirilendigini howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan saglyk pudagyndaky çeşmeleriň ýene biri Azatlyk Radiosyna 1-nji fewralda tassyklady.

"Ýygnakda Hindistanda dörän wirusyň Türkmenistanyň raýatlarynyň altysynda ýüze çykandygy aýdyldy we ýokanç keselleri hassahanalarynyň taýynlykda bolmalydygy duýduryldy. Şol raýatlar Aşgabadyň ýaşaýjylary, olardan ikisi agyr ýagdaýda reanimasiýada diýlip, bellenildi. Emma Nipah wirusynyň ýurtda barlygy gizlenýär" diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýygnakda wirusa uçran adamlaryň sanynyň artmagy ähtimal diýlip, habar berlipdir.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleriniň seredýän esasy çäreleriniň arasynda howa gatnawyny çäklendirmek göz öňünde tutulýar.

Wirusa garşy çäreler"5-nji gün ministrler kabinetinde düzülen ýol kartasyny prezidente teklip edýärler, eger tassyklansa fewralda käbir döwletlere uçar gatnawlary we haryt daşalmagy wagtlaýyn togtadylyp bilner" diýip, çeşme 31-njy ýanwarda aýtdy.

Ýene bir çeşmäniň sözlerine görä, wirusdan goranmak üçin seredilýän çäreleriň arasynda ýurdy ýapmak mümkinçiligi hem aradan aýrylmaýar.

"Ýakynda Hindistanda peýda bolan Nipah wirusy sebäpli beýleki döwletlerde howa gatnawy bölekleýin togtadylsa we ol COVID-19 ýaly uly pandemiýa öwrülse, ýurdy doly ýapmak barada maslahatlaşyldy" diýip, saglyk resmisi aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden resmi görnüşde teswir almak synanyşygy netije bermedi. Ministrligiň websaýtynda hem Nipah wirusy barada hiç hili maglumat çap edilmändir.

Çeşmeleriň sözlerine görä, Nipah wirusy barada maglumat ýetmezçiligi howatyrlanmalary hasam hem artdyrýar.

"Bu wirusy göterijileriň, ýagny hiç hili simptomy duýman dümew ýaly geçirýänleriň hem bar bolmagy mümkin. Häzirden Saglyk ministrligi adamlara maska dakynmak, arassaçylyk, şahsy gegiena boýunça ünsli bolmagy wagyz etmegiň üstünde gaýtadan iş alyp barýar. Eger Nipah wirusy giň ýaýrasa ölüm sanynyň COVID-19-dan has köp bolmagyny çaklaýarlar" diýip, çeşme aýtdy.

Saglyk işgärleriniň bellemegine görä, ýurtda medisina hyzmatlarynyň hiliniň pesdigi-de adamlaryň howply kesellerden goragyny gowşadýar.

"Adaty hassalary bejermek üçin bilimli lukmanlar ýetmezçilik edýär" diýip, lukman aýtdy.

Türkmen häkimiýetleriniň Nipah wirusy bilen bagly aladalary baradaky habar ýurtda dümewiň tutaşan wagtyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 29-njy ýanwarda Ahal we Balkan welaýatlaryndan beren maglumatlaryna görä, günorta-günbatar sebitlerinde dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar, ýerli lukmanlar ýiti dümew alamatlary bilen geçýän bu hassalyga ýolugan gartaşan adamlaryň arasynda ölüm hadysalarynyň hasaba alynýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ozalky epidemiýalaryň, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň dowamynda keselçiligiň bolanlygyny we ölüm hadysalary resmi derejede boýun almady we berk hereket çäklendirmelerini girizmek, maska dakynmagy talap etmek ýaly çäreler bilen çemeleşdi. Emma häkimiýetler tarapyndan habar we düşündiriş berilmezden girizilýän çäklendirmeler ilat arasynda howatyrlanmalary artdyrýar.

Nipah wirusy zerarly adamlarda ölüm derejesiniň 40% we 75% aralygynda bolup biljekdigini Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) aýdýar. Nipah wirusy haýwanlardan adamlara geçýän keseldir. Wirus COVID-19 we Ebola bilen bir kategoriýada ýerleşýär we köplenç ýarganatlar tarapyndan ýaýradylýar.

Hindistanda ölüm howply Nipah wirusynyň ýaýramagy köp ýurtlardan ýokary derejede howatyrlanma döretdi. Ýanwaryň aýagynda Gyrgyzystan, Nipah wirusy sebäpli, Hindistandan getirilýän et önümlerine çäklendirme girizdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса