Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Gazagystanda ikinji AES-iň guruljak ýeri mälim edildi

0

26-njy ýanwarda Gazagystanyň premýer-ministri Olžas Bektenow Almaty oblastynyň Žambyl etrabynda ikinji atom elektrik stansiýasyny (AES) gurmak baradaky karara gol çekdi. Bu barada ýerli metbugat 2-nji fewralda habar berdi.

Karar gol çekilen gününden güýje girdi.

Gazagystanda ilkinji AES-iň guruljakdygy barada 2019-njy ýylda belli boldy. Munuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda ýurtda referendum geçirildi. Resmi netijelere görä, ses berijileriň 71 göterimden gowragy AES gurulmagyny goldady. Ses berişlik galplyk baradaky aýyplamalar bilen utgtaşykda geçdi.

Şondan bir ýyl soň Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurtda üç sany AES gurmagyň zerurdygyny aýtdy. Ol muny ýurtda ‘täze energetika pudagyny döretmegiň strategik taýdan möhüm’ bolmagy bilen düşündirdi.

Gazagystan ilkinji AES-i Almaty oblastynyň Ulken obasynda Balhaş kölüniň kenarynda gurmagy meýilleşdirýär. 2025-nji ýylyň iýunynda ilkinji AES-i gurmak üçin tehnologiýa üpjün ediji hökmünde Russiýanyň döwlet korporasiýasy “Rosatomyň” saýlanandygy belli boldy. Galan iki AES-iň gurluşygyny ozal konsorsiumyň lideri hökmünde saýlanan China National Nuclear Corporation (CNNC) hytaý kompaniýasy alyp barar.

Ekologiýa bilermenleriniň köpüsi Gazagystanda AES gurulmagyna garşy çykyş edip, onuň golaýdaky suw howdanlaryna ýaramaz täsir ýetirjekdigini duýdurýarlar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса