Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Balkanly näsaglar hassahanalara ‘peçli we krowatly’ barmaly bolýandyklaryny aýdýarlar, saglyk resmisi muny ret edýär

0
Balkan welaýatynyň Bereket we Gyzylarbat etrap hassahanalarynda hem-de etrap-oba saglyk öýlerindäki şertler we hyzmatlar näsaglary iňňän alada goýýar. Howanyň temperaturasy gijelerine 0 gradusa çenli aşaklaýan şu günlerde bu saglyk edaralarynda ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär.
Bu barada maglumat beren näsaglaryň ençemesi ýylynmak we kadaly medisina kömegini almak üçin elektrik peçleri, hat-da krowatlary öz ýanlary bilen alyp barýandyklaryny aýdýar. Ýerli saglyk resmisi bu aýdylanlary ret edýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
“Ýylynmak üçin elektrik peçleri ýanlary bilen hassahana alyp barýan näsaglar hiç bir ýurtda bolmasa gerek. Gyzylarbadyň etrap hassahanasyndaky gözgyny ýagdaýlar munuň bilen hem çäklenmeýär. Näsaglardan ýorgan-düşekleri, gap-çanaklary, derman-därileri hem öz ýany bilen alyp barmak talap edilýär” diýip, ýakynda bu hassahanada ýatyp bejergi alan balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Agzalýan saglyk edaralarynda ýakynda saglyk bejergisini alan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, bu talaplar ýatymlaýyn bejergi alýan näsaglaryň we çaga dogurmak üçin barýan eneleriň ählisine degişli.
“Näsaglar hassahana, diňe narkozdan başga, ähli zatlary, şol sanda dermanlary eltmeli bolýarlar. Iň ýönekeý bir saparlyk rezin ellige çenli aldyrýarlar. Galan zatlary aýdyp oturmagyň geregi hem galmaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly bereketli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan başga-da, saglyk edaralaryndaky krowatlaryň aglabasynyň juda könedigi we olaryň köp böleginiň hatardan çykandygy zerarly ýatymlaýyn bejergi alýan köp näsag öz ýany bilen krowat hem alyp barmaga mejbur bolýar.
Ýere degýän krowatlar, pola girip çykýan tarakanlar“Sowetler döwrüniň demir setkaly krowatlarynyň üstüne çyksaň, olaryň demir setkalary ýere degýär we olardan ýaňa ýatyp bolmaýar” diýip, bereketli ýaşaýjy belledi.
Ýakynda Gyzylarbatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hassahanasynda ýatymlaýyn bejergi alan balkanlylaryň birnäçesi bu saglyk edarasyny “geçen asyryň gurluşyk materiallarynyň muzeýine ýa-da ulanyşdan galan taryhy bina” meňzedýär.
“Bu binada baş lukmanyň kabulhanasynda başga palatalaryň, otaglaryň ählisi, şeýle-de olaryň gapylary gurlanyndan bäri täzelenmändigini görse bolýar. Agaçdan ýasalan gadymy, köne gapylar doly ýapylmaýar” diýip, balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ol hassahanada arassaçylyk şertleriniň hem gözgyny ýagdaýdadygyny belleýär.
“Agaç poly ýöräniňde jygyldap, ses edeni bilen oňsa bolýar. Ýöne agaçdan ýasalan poluň döwük-deşik ýerlerini aýdarmyň ýa-da olardan pola girip çykýan tarakanlary aýdarmyň. Umuman iňňän agyr şertler” diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.
Bu ýagdaýlary agzalýan hassahanalardaky saglyk çeşmelerimiziň birnäçesi hem tassyklap, munuň sebäbini 1970-nji ýyllaryň başynda gurlan bu saglyk edaralaryna ýerli häkimiýetler tarapyndan maliýe serişdesiniň goýberilmezligi bilen düşündirýär.
“Bu hassahanalarda düýpli abatlaýyş işleri indi onlarça ýyl bäri geçirilmeýär. Ýolbaşçylar gelen barlagçylara para berip, pul bilen yzyna ugradyp goýberýärler” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Saglyk resmisi ret edýärAzatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalan saglyk edaralaryndan telefon arkaly resmi teswir almaga synanyşdy.
Redaksiýamyzyň 3-nji fewralda eden telefon jaňyna jogap beren Gyzylarbat etrap hassahanasynyň wekili “merkezleşdirilen ýyladyş ulgamlarynyň ähli otaglarda gül ýaly işläp durandygyny, gyzyklanýan adamlaryň gelip, görüp biljekdigini” aýtdy.
“Elektrik peçleri getirmeýärler. Ýyladyş ulgamy işläp dur. Hemme zatlar üpjün. Syrkawlara hojalykdanam, býujetdenem dermanlarymyz berlip dur. Olar ýaly zat ýok, hiç hili ýörite mesele ýok” diýip, hassahananyň wekili goşmaça maglumat bermekden saklandy.
Redaksiýamyzyň Bereket etrap hassahanasyna we welaýat Saglyk müdirligine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Soňky üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan lukmançylyk merkezleriniň onlarçasy guruldy. Häkimiýetler muny ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda gazanylan üstünlik hökmünde görkezýärler.
Şol bir wagtda, raýatlar bularyň aglabasynyň paýtagt Aşgabatda we welaýat merkezlerinde ýerleşýändigini we olaryň sanynyň çäklidigini belläp, etraplardaky saglyk edaralarynyň tas ählisiniň onýyllyklaryň dowamynda ünsden düşürilýändigini, olaryň düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdigini aýdyp gelýärler.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermeýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса