Gazagystan Russiýadan gaçan ofisere bosgunlyk statusyny ret etdi
Gazagystanyň paýtagty Astanadaky kazyýet 5-nji fewralda Russiýadan gaçan ofiser Ýewgeniý Korobowa bosgunlyk statusyny bermekden ýüz öwürdi. Bu barada “Nastoýaşeýe Wremýa” teleýaýlymyna hukuk goraýjy Artur Alhastow habar berdi.
Korobow hem-de rus dezertirleriniň “Proşaý, oružiýe!” (“Hoş gal, ýarag!”) assosiasiýasy kazyýetiň bu karary bilen ylalaşmaýarlar we ony ýokarky instansiýalarda şikaýat etmegi meýilleşdirýärler. Alhastowyň aýtmagyna görä, Korobow “agressor ýurduň goşunynda gulluk etmekden boýun gaçyrandygy üçin syýasy taýdan yzarlanýar we halkara goragyna mynasypdyr”.
2025-nji ýylyň sentýabrynda Korobowa bosgunlyk statusyny bermekden Iş bilen üpjünçilik we sosial maksatnamalar müdirligi hem ýüz öwrüpdi. Edara onuň “Russiýada haýsydyr bir alamat boýunça, şol sanda syýasy garaýyşlary sebäpli yzarlamanyň pidasy bolmak wehiminiň esaslandyrylan hasaplamaýandygyny” aýdypdy.
Korobow harby mekdebiň uçurymy, Siriýada gulluk geçen ofiser. Ol Kiýew oblastynda Russiýanyň doly göwrümli çozuşynyň ilkinji günlerinde söweşlere gatnaşan 15-nji moto-atyjy brigadada gulluk edipdir. Ol özüni aýagyndan atandygyny, soň dezertir bolandygyny, 2023-nji ýylyň ýanwarynda bolsa Gazagystana gaçandygyny gürrüň berdi. Russiýada onuň garşysyna dezertirlik boýunça jenaýat işi açyldy.
