Ronaldosyz oýnan 'Al-Nassr' futbolçylary ‘Arkadagy’ ýeňdi
Türkmenistanyň "Arkadag" futbol komandasy Aşgabatda Saud Arabystanynyň "Al-Nassr" topary bilen duşyşykda 0:1 hasaby bilen ýeňilişe sezewar boldy. 11-nji fewraldaky oýun Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) II Çempionlar Ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde geçirildi.
Pökgi oýnuň 19-njy minudynda Abdulla Al-Hamddan tarapyndan türkmen derwezesine salyndy.
Aşgabada myhman oýnuna gelen "Al-Nassr" toparynyň düzüminde meşhur oýunçylar, şol sanda Kriştianu Ronaldo, Sadio Mane, Žoan Feliks we Kingsl Koman dagy ýokdy. Baş tälimçi Jorge Jesus muny meýilnamalaýyn agramy kadalaşdyrmak zerurlygy we içerki ýaryşlaryň ileri tutulmagy bilen baglydygyny aýtdy.
Köp sanly talyp we býujet işgäri 45 müň tomaşaça niýetlenen “Olimpiýa” stadionynda geçen oýna mejbury tomaşaçy hökmünde gatnaşdyryldy. Futbol oýny stadionyň töweregindäki jaýlaryň ýaşaýjylaryna göni täsir ýetirdi we şäherde, şol sanda jemgyýetçilik transportynyň hereketi çäklendirdi.
‘Arkadag’ toparynyň 'Al-Nassr' bilen jogap duşuşygy 18-nji fewralda Er-Riýadda geçiriler.
