Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28

Eýranyň ruhany lideri Hameneýi, Ženewada gepleşikleriň başlan wagty, ABŞ-nyň harby haýbatlaryny ret etdi

0

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi 17-nji fewralda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Tähranyň ýadro maksatnamasy boýunça Eýran bilen ABŞ-nyň wekilleriniň arasynda göni däl gepleşikleriň başlan wagty, ABŞ-nyň harby çäre görjekdigi baradaky haýbatlaryny möhüm hasaplamaýandygyny aýtdy.

Oman tarapyndan araçylyk edilýän bu gepleşikler Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça köp ýyllyk jedelleri çözmegi maksat edinýär. Şol bir wagtda, ABŞ Arap deňzinde goşmaça güýçlerini toplamagyny dowam etdirýär. Prezident Donald Tramp ylalaşyk gazanylmasa, harby zarbalaryň bolup biljekdigini duýdurypdy.

Hameneýi 17-nji fewralda Tähranda goldawçylarynyň öňünde eden çykyşynda, Eýranyň golaýynda jemlenýän ABŞ-nyň harby gämilerini batyrmaga ukyplydygyny öňe sürdi.

“Harby gämiden hem has howply zat, bu - ony deňziň düýbüne ibermäge ukyply ýaragdyr” diýip, ol Eýranyň raketalaryny göz öňünde tutup aýtdy.

Onuň bu sözleri Trampyň diplomatiýa şowsuz tamamlansa, harby hereketleriň mümkinçiligine yşarat eden çykyşyndan bir gün soň beýan edildi.

“Men olaryň ylalaşyga gelinmedik ýagdaýyndaky netijeleri isleýändiklerine ynanamok” diýip, Tramp 16-njy fewralda Air Force One uçaryndan žurnalistlere aýtdy.

“Biz olaryň ýadro mümkinçiliklerini ýok etmek üçin B-2-leri ibermegiň deregine ylalaşyk baglaşyp bilerdik. Emma B-2-leri ibermeli bolduk” diýip, ol 2025-nji ýylyň iýunynda Eýranyň ýadro desgalarynyň bombalanmagyna salgylanyp, sözüne goşdy.

13-nji fewralda Tramp Eýranda režimiň çalşylmagynyň “bolup biljek iň gowy zatdygyny” aýdypdy.

Hameneýi Trampa gönüden-göni ýüzlenip, prezidentiň yslam respublikasyny “ýykyp bilmejekdigini” aýtdy.

ABŞ Arap deňzindäki harby gatnaşygyny güýçlendirýän wagty, Eýranyň yslam rewolýusiýa sakçylary korpusy 16-njy fewralda Ormuz bogazynda deňiz türgenleşiklerine başlady. Eýran metbugaty bu türgenleşikleriň maksadynyň “mümkin bolan howpsuzlyk we harby howplara” garşy Korpusyň deňiz güýçleriniň operatiw taýýarlygyny synamakdygyny habar berdi.

Tramp Ženewadaky gepleşiklere “göni däl görnüşde” gatnaşjakdygyny aýtdy. Bu Waşington bilen Tähranyň şu ýylyň dowamynda geçirýän gepleşikleriniň ikinji tapgyrydyr. Öňki gepleşikler şu aýyň başlarynda Maskatda bolupdy.

Eýran ABŞ sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň öwezine, ýadro desgalarynda berk gözegçilik düzgünlerine boýun bolmaga taýýardygyny aýdýar. Şeýle-de, sanksiýalar sebäpli ejir çekýän ykdysadyýetini amerikaly kompaniýalar üçin girdejili maýa goýum mümkinçilik hökmünde görkezmäge synanyşýar.

Emma Tähran raketa maksatnamasy we sebitde özüniň tarapdar proksi güýçlerine goldaw bermek ýaly meseleler boýunça gepleşik mümkinçiligini ret etdi. Trampyň administrasiýasy bu “gyzyl çyzyklaryň” hem ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny aýdýar.

Gepleşikler Omanyň konsullygynda geçirilýär. Araçylar Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi bilen ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň arasynda maglumatlary ýetirýärler.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса