'Tejenkarbamidiň' hünärmenleri ‘heläkçilige getirip biljek’ korrupsiýa barada duýdurýar
Türkmenistanyň çäginde gurlan ilkinji karbamid önümçilik desgasy bolan 'Tejenkarbamid' zawodynda häzirki wagtda alnyp barylýan abatlaýyş işlerinde korrupsiýa ýüz urulýandygy, zerur täzelenmeli serişdeleriň deregine köne enjamlaryň galdyrylýandygy, galyberse-de bu işlere çekilen hünärmenlere ençeme aý bäri zähmet haklarynyň berilmeýändigi barada maglumatlar gowuşýar.
Bu barada Ahaldaky zawodyň biri-birinden habarsyz ençeme hünärmeni Azatlyga we habarçylaryna maglumat ýetirdi, şeýle-de mümkin kanun bozulmalar boýunça häkimiýetleriň talaba laýyk derňew geçirmegine çagyrdy.
2005-nji ýylda ulanmaga berlen we ýyllyk 350 müň tonna önümçilik kuwwatyna eýe bolan 'Tejenkarbamid' zawodynda ençeme ýyl bäri düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli bu zawodyň öndürijiligini ýokarlandyrmak we durkuny täzelemek boýunça işler, Türkmenistanyň hökümetiniň 2021-nji ýyldaky kararlary esasynda, "Turkmen enjam" hojalyk jemgyýeti tarapyndan kabul edildi we 2023-nji ýyldan başlap önümçilik meýdançasynda amaly işlere girişildi.
“Zawodyň ýolbaşçylary bu firmanyň wekilleri bilen dildüwşüge girip, zerur täzelenmeli ätiýaçlyk şaýlarynyň deregine, eýýäm hatardan çykyp barýan köneleriniň daşyna reňk sepip, çalşylan hökmünde galdyrýarlar. Elbetde, bu paranyň öwezine edilýär. Ýolbaşçylar hususy ýerli firmadan, aýlyk alan ýaly, dowamly müňlerçe dollar para alýarlar. Gelýän barlagçylara hem para berip, hilegärligi ýapýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran zawodyň bir hünärmeni aýtdy.
Tesir almak başartmaýarAzatlyk başga-da ençeme hünärmeniň anonim ýagdaýda beýan eden mümkin korrupsiýa baradaky aýyplamalaryny garaşsyz ýagdaýda barlap ýa tassykladyp bilmeýär. Golaýda çap edilen halkara korrupsiýa indeksinde nobatdaky gezek ir erbet görkezijileri alan, dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri Türkmenistanyň resmi we kanun goraýjy edaralaryndan, şeýle-de zawodyň özünden hem jogap almak başartmaýar.
Azatlyk 25-nji fewralda "Turkmen enjam" hojalyk jemgyýetinden teswir almak üçin, onuň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine yzygiderli jaň etse-de, olara jogap beren bolmady.
Geçen ýylyň noýabrynda türkmen hökümetçi neşirlerinde “Tejenkarbamid” zawodyny döwrebaplaşdyrmak çäresiniň çäginde Türkmenbaşy deňiz portuna ýurduň taryhynda iň iri ölçegden çykýan ýükleriň biriniň, ýagny ABŞ-nyň we Kanadanyň bilelikdäki “Babcock & Wilcox” kompaniýasy tarapyndan öndürilen, sagatda 160 tonna bug öndürýän orta basyşly bug gazanynyň getirilmegi bilen bagly çap bolan habarynda, bu enjamy ýerine eltmek we soňraky gurnama işleri “Turkmen enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetiriljekdigi aýdyldy.
Şol habarda, kompaniýanyň: “Biz Türkmenistana ABŞ-dan, Germaniýadan we Şweýsariýadan öňdebaryjy tehnologiýalary getirýäris. Her bir taslama iň berk hil talaplaryna laýyklykda, doly taýýar görnüşde ýerine ýetirilýär” diýen beýanaty hem çap edilipdir.
"Häkimiýetler, mümkin hadysalaryň öňüni alyň"Bu aralykda, Azatlyk bilen habarlaşan hünärmenler, abatlaýyş işlerine “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň resmi işgärleriniň hem töleg wadasy bilen abatlaýyş işlerine çekilendigini, emma olaryň indi iki aýdan bäri zähmet haklarynyň berilmeýändigini aýtdy.
“Bizi diňleýän ýok, ‘indi berler – şimdi berler’ wadasy bilen eýýäm üçünji aýa girdik. Ýolbaşçylara nägileligimizi bildirsek, gaýta ‘hany, işlemejek dagy bolup gör, göni işden çykarylarsyň’ diýip, haýbat atýarlar” diýip, hünärmen belledi.
Meselelerini häkimiýetlere eşitdirmek üçin Azaltygyň redaksiýasy bilen habarlaşan işgärler, bu ýagdaýlary aýan edip, häkimiýetleriň “Tejenkarbamid” zawodynda düýpli barlaglary geçirmegine; diňe bir mümkin kanun bozulmalary däl, eýse talaba laýyk däl ätiýaçlyk şaýlarynyň goýulmagy netijesinde zawodda döräp biljek hadysalaryň hem öňüni almaga çagyrýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
