Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2026
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20 21
22
23 24 25 26 27
28

Meredow Merkezi Aziýaly kärdeşleri bilen bilelikde Beýik Britaniýada geçirilen duşuşyga gatnaşdy

0

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Beýik Britaniýa edýän saparynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy. Türkmen Daşary işler ministrligi bu duşuşygyň 25-nji fewralda Beýik Britaniýanyň patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde geçirilendigini habar berýär.

“Geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dialogy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, ýurduň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda 26-njy fewralda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy täsirli çäreleriň kämilleşdirilmegi, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda tejribe alyşmaga aýratyn üns berlendigi hem nygtalýar.

Bellesek, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna iş sapary 24-nji fewralda başlanypdy.

25-nji fewralda günüň birinji ýarymynda Meredowyň Halkara deňiz guramasynyň baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda deňiz ulaglary we halkara gämiçilik ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen DIM-i habar berdi.

Şol gün Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen Daşary işler ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda “Gurluşlaýyn dialogyň” açylyşy geçirildi.

Duşuşykda Meredow we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Parlament boýunça orunbasary Hemiş Falkoner çykyş etdiler.

“Bilim we medeniýet ulgamynda Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmäge bolan uly gyzyklanmanyň bardygy bellenildi hem-de degişli britan düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Saparyň dowamynda bu ugurlar boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi” diýlip, türkmen DIM-i belleýär, ýöne bularyň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrmaýar.

Şeýle-de, Meredow Owganystandaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, Türkmenistanyň sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny belläpdir.

Çäräniň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2026–2027-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekilendigi hem bellenýär. Ýöne munuň detallary aýdyňlaşdyrylmaýar.

Şeýle-de, 25-nji fewralda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hökümet binasy bolan Lankaster-hausda Meredowyň Şazada Edward, Edinburg Gersogy bilen duşuşygy geçirildi.

“Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de aýratyn-da medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar” diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmen DIM-inde Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna iş saparynyň näçe gün dowam edýändigi takyklaşdyrylmaýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса