Türkiýede ýiten iki türkmen aktiwistiniň işi gaýtadan Edirne prokuraturasyna berildi
Maglumata görä, Alişer Sahatowyň we Abdylla Orusowyň aklawçysy Daşary ýurt raýatlary üçin wagtlaýyn tussaglyk merkezinde we onuň töwereginde ýerleşýän wideogözegçilik kameralarynyň ýazgylaryny, şeýle-de, bu wakanyň bolan ýerindäki kameralaryň ýazgylaryny almak üçin Edirne şäher prokuraturasyna ýene-de bir gezek arza beripdir.
THF Sinop prokuraturasy şu ýylyň ýanwar aýynda Alişer Sahatowyň aýaly Gulala Hasanowa A. Sahatow bilen A. Orusowa garşy gozgalan işiň Edirne şäherindäki degişli edaralara gaýtarylandygyny habar berdi diýip, belleýär we mundan öň, Ankaradaky ýokary edaranyň buýrugyna laýyklykda, Sinop polisiýa bölüminde A. Sahatowyň maşgala agzalaryndan DNK nusgalarynyň alnandygyny habar berýär.
Türkmen aktiwisti Alişer Sahatow apreliň aýagynda Türkiýede tussag edilip, anyk sebäbi düşündirilmezden deportasiýa merkezine ýerleşdirildi. THF Alişer Sahatowyň 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde halkara goragyny almak üçin ýüz tutandygyny, emma oňa G-82 çäklendiriji kody, ýagny milli howpsuzlyga garşy hereketler bilen baglylykda ýurda hemişelik giriş gadaganlygynyň girizilendigini habar beripdi. 24-nji iýulda Alişer Sahatow we onuň bilen bile tussag edilen türkmen aktiwisti Abdylla Orusow dereksiz ýitirim edildi. Şondan bäri olaryň ykbaly näbelli galýar.
Bu ýagdaý türkmen häkimiýetleriniň sosial mediada başgaça pikirlerini aýdýan türkmen raýatlaryna garşy alyp barýan repressiw çäreleriniň arasynda ýüze çykdy.
39 ýaşly Sahatow “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edipdi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalary gozgapdy. Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini diskussiýa edipdi.
Adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondy" mundan öň Ankaranyň 26-njy administratiw sudunyň kararynda Sahatowdan çäklendiriji G-82 kodunyň aýrylandygyny habar beripdi. "Görşümiz ýaly, Alişer Sahatowa G-82 kodunyň girizilmegi, onuň halkara gorag statusyndan mahrum edilmegi we deportasiýa merkezinde saklanmagy bikanundy" diýlip, guramanyň 29-njy dekabrda çap eden maglumatynda bellendi.
THF-nyň ýene bir maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Edirne şäher prokuraturasy A. Sahatow bilen A. Orusowyň işleriniň gözden geçirilmegi üçin Sinop şäher prokuraturasyna iberilmegini buýrupdyr. Kararda şeýle hem iki adamyň KIHBI maglumat bazasynda 2025-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri ýiten hökmünde hasaba alnandygy we Sinop jemgyýetçilik howpsuzlygy bölümi tarapyndan gözlenýändigi aýdyldy.
Aktiwistleriň ykbalyna alada bildirilýärAdam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkiýede dereksiz ýitirim edilen Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilen ýagdaýynda olara çynlakaý howp abanýandygyna aladalanma bildirip gelýärler.
"Human Rights Watch" (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň ýitirim bolmagynyň yzýany 30-njy iýulda beýanat çap edip, olaryň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolsa, bu Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladar diýdi.
Guramanyň 10-njy dekabrda Adam hukuklary gününe gabatlap ýaýradan beýanatynda türkmen aktiwistleriniň adalatsyz tussaglykda galmagynyň dowam edýändigi nygtaldy.
Dekabryň başynda adam hukuklaryny goraýjy birnäçe halkara guramasy türkmen häkimiýetlerini delillendirilmedik aýyplamalar esasynda, öz esasy hukuklaryny we azatlyklaryny parahatçylykly ulanandyklary üçin azatlykdan mahrum edilen raýatlary azat etmäge çagyrdy. Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk (IPHR), Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy (TIHR), “Turkmen.News” neşiri we Norwegiýanyň Helsinki komiteti (NHC) bilelkde eden çagyryşynda Mansur Mingelow, Myrat Düşemow, Alişer Sahatow, Abdylla Orusow, Farhat Meýmankuliýew, Mälikberdi Allamyradow, Saddam Gulamow ýaly aktiwitleriň atlaryny agzady.
Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" Sahatowyň we Orusowyň ýagdaýy boýunça BMG-niň zorlukly ýitirim edilmeler boýunça komitetine arz etdi we onuň bu işe garamak üçin eden şikaýaty kabul edildi.
BMG-niň ähli adamlary zorlukly ýitirim bolmakdan goramak baradaky Jarnamasyna görä, zorlukly ýitirim etmegiň islendik hereketi oňa sezewar edilen adamlary kanunyň goragyndan daşarda goýýar, olar we olaryň maşgalalary agyr ejir çekýär we bu halkara hukugynyň bozulmagy bolup durýar.
Şeýle-de, THF Alişer Sahatowyň kakasynyň Aşgabada baryp, ogluny tapmakda kömek sorap, Türkmenistanyň prezidentine ýüz tutandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
