Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenistan Eýrana elektrik geçiriji gurýar, ýerli ilat toksuz kösenýär

0

Türkmenistan 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň eýran nyşanalaryna garşy zarbalary başlamagyndan birnäçe gün soň, goňşy Eýrana elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak boýunça planlaryny äşgär etdi.

Bilermenler ýurduň günorta goňşusynda urşuň dowam etmegi bilen, bu taslamanyň geljegini we netijeligini soraga alýarlar. Azatlygyň ýerli söhbetdeşleri, şol sanda ýurduň energiýa önümçiliginde we eksportynda uly orun eýeleýän Marynyň ýaşaýjylary toguň kadasyz üpjünçiliginden ‘dowamly kösenýändiklerini’ aýdýarlar.

4-nji martda hökümetçi türkmen neşirleri kuwwatlylygy 500/400 kW bolan Mary-Maşat täze elektrik geçiriji liniýasyny şu ýylyň dowamynda gurmak meýilleşdirilýändigini habar berdiler. Ýöne toguň iberilmeli Eýrandaky, mundan birnäçe gün ozal başlanan, urşy agzamadylar.

Resmi maglumatda 2024-nji ýylyň awgustynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklara esaslanýan bu taslamanyň gurluşygynyň 2026-njy ýylyň maýa goýum meýilnamasyna girizilendigi we munuň ýurduň energetika pudagyndaky ‘esasy taslamalaryň’ birine öwrüljekdigi aýdylýar.

155 km golaý aralygy öz içine alýan täze ulgam, Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Sarahs şäherine çenli 500 kW-lyk we Sarahsdan Eýran serhedine çenli 400 kW-lyk liniýalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

Eýran kompaniýalary gurarGeçen ýyl Aşgabat bu elektrik geçirijiniň “Mary” döwlet elektrik stansiýasyndan Eýranyň serhedine çenli aralygynyň gurluşygyny Eýran kompaniýalarynyň amala aşyrjakdygyny yglan etdi. Bu barada Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkianyň 2025-nji ýyyň fewralynda geçiren telefon söhbetdeşliginde mälim edildi.

2023-nji ýylyň noýabrynda “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy hem-de Eýranyň “Tanawir” we “Sanergy Pishro Export and Energy Promotion” kompaniýalary Mary-Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini maliýeleşdirmek hakynda çarçuwaly ylalaşyga gol çekdiler. Şol wagtdan häzire çenli, bu taslama bilen bagly maliýe we baha jikme-jiklikleri jemgyýetçilige äşgär edilmeýär.

Azatlyk bilen anonim gürleşen ýerli synçy goňşy ýurtda urşuň dowam etmeginiň arasynda bu taslamanyň geljegini soraga aldy. Ol şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň, Ýakyn Gündogarda nebit üpjünçiligine böwet bolmaga synanyşýan, eýran režimine energiýa akdyrmak planlarynyň Aşgabada garşy mümkin gadagançylyklara ýol açyp biljekdigini çaklady.

Häzirki wagtda Türkmenistan Eýrana ýylda takmynan 2 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasyny eksport edýär diýip, 7-nji martda turkic.world neşiri türkmen hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Türkmenistan elektrik energiýasyny Eýrana Balkanabat-Gonbat we Şatlyk-Sarahs ugurlary boýunça iberýär. Günorta goňşusynda urşuň başlanmagy bilen, bu elektrik geçirijileriniň häzirki iş tertibi barada maglumat berilmeýär.

Ýerli ilat toksuzBu aralykda, täze elektrik geçiriji liniýasy arkaly Eýrany uly energetika serişdeleri bilen üpjün etmeli Marynyň öz ýaşaýjylary, ýylyň dowamynda kadasyz elektrik üpjünçiliginden kösenýändiklerini aýdýarlar.

“Transformatorlar, elektrik liniýalary könelip, sandan çykdy. Sähel ýagyn geläýse, şemal turaýsa togumyz hem dessine kesilýär. Kähalatlarda 14-15 sagatlap toksuz oturmaly bolýarys. Merkezden çetki sebitlerde tok hasam pes, onuň günde birnäçe gezek kesilýän halatlary hem bolýar. Etraplaryň köpüsinde, obalaryň tas ählisinde entek sowetler döwri goýlan agaç stolbalary çagşap dur. Ýerli häkimiýetlerden hiç hili peýda ýok. Ýaşaýjylaryň özleri pul toplap ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alýarlar, özleri ussa hakyny töleýärler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ýaşaýjy 11-nji martda gürrüň berdi.

Türkmen hökümetiniň maslahatlarynda, adatça, ýurduň öz ilatynyň ençeme ýyllardan bäri kösenýän tok ýetmezçiligi barada kelam agyz söz aýdylman, munuň deregine ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak barada gürrüň edilýär.

Türkmenistan özüniň elektrik energiýasyny Owganystana, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса