Türkmen wise-premýeri Aşgabatdaky ABŞ, Hytaý ilçileri bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji martda aýry-aýrylykda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud, Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin bilen duşuşdy diýip, daşary syýasat edarasynyň web sahypasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplaryň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşyp, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň fewral aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň netijelerine aýratyn ünsi çekendikleri bellenýär.
Raşid Meredowyň Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.
Şeýle-de, duşuşyk wagtynda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Hytaýa amala aşyran dostlukly saparyna aýratyn ähmiýet berlendigi, bu saparyň çäklerinde HHR-nyň başlygy Si Szinpin bilen netijeli we dostlukly duşuşygyň geçirilendigi nygtaldy.
