Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20
21
22
23 24 25
26
27
28
29
30
31

Türkmen wise-premýeri Eýranyň daşary işler ministri bilen telefonda gürleşdi

0

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefonda gürleşdi diýip, türkmen DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda taraplar birek-biregi Nowruz baýramy bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler.

Şeýle-de, Abbas Arakçiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Eýranyň çagalaryna iberen ynsanperwerlik kömegi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirip, hoşniýetli we ynsanperwer kömegiň ähmiýetini aýratyn nygtandygy aýdylýar.

Habarda telefon söhbetdeşliginiň haýsy tarapyň başlangyjy bilen amala aşyrylandygy aýdylmaýar.

Türkmen DIM-i goňşy ýurt bilen bagly beýanatlarynda Eýranda we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda 28-nji fewraldan bäri bolýan wakalar barada jikme-jik maglumat bermekden saklanýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса