Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20
21
22
23 24 25 26 27
28
29
30
31

Balkanda sygyrlar 'näbelli' keselden ölýär, et gytalýar

0

Balkan welaýatynyň bazarlarynda etiň gymmatlamagy bilen bir wagtda onuň hili hem ýaramazlaşdy. Bu ýagdaý sebitde iri şahly mallaryň keselläp ölmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelen wagtyna gabat geldi. Azatlygyň habarçysy sebitdäki ýagdaýy gürrüň berdi.

Sygyrlaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlaryň, hususan-da, Balkanabadyň töweregindäki obalarda we Bereket, Esenguly we Magtymguly etraplarynda köpelendigini habarçymyz 27-nji martda aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýerli mal lukmanlary mallaryň ölmegine ýokanç keseliň sebäp bolýandygyny aýdýarlar, emma anyk maglumat bermezden ýabany haýwanlardan, ýyrtyjylardan ýokaşan bolmagyny çak edýärler.

Oba ýaşaýjylary hassa mallarynda gyzgynyň aşa göterilmegi we agzyndan ak köpügiň akmagy ýaly simptomlaryň bolandygyny, sygyrlaryň iki günde ölendigini gürrüň berdiler.

Bu aralykda sebitiň weterinariýa gulluklary mal keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ölen sygyrlaryň maslygyny ýakmak ýaly çäreleri geçirýärler.

"Bu sapar weterinariýa gullugy ýagdaýy berk gözegçilik astynda saklamaga synanyşýar, ýekeje haram ölen sygyr bolsa-da, ony obalaryň çetinde ýakyp, ýok etmek boýunça işleri alyp barýar" diýip, etrap ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Muňa garamazdan, çaltlyk bilen ýaýraýan mal hassalygy barada türkmen resmilerinden we döwlet mediasynda hiç hili habar bolmady.

Emma ýagdaýdan örän howatyrlanýan ýerli ýaşaýjylar bolsa, häkimiýetlerden gyssagly çärä garaşýandygyny aýdýarlar.

"Bu ýagdaý soňky 3 günüň dowamynda azyndan tutuş dört etrapda doly diýen ýaly ýaýrady. Wirus çaltlyk bilen ýaýraýar, hökümet tarapyndan netijeli çäre göze ilmeýär" diýip, balkanly maldar aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gepleşen maldarlaryň ýene biri 20 sygryndan diňe bäşisiniň galandygyny gürrüň berip, galanlaryň gyrlandygyny we weterinaryň tabşyrygy boýunça ýakyp ýok etmeli bolandygyny aýtdy. "Weterinar mal etini sazak odunda ýakyp, ýok etmegi tabşyrdy" diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Balkanly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ölen sygyrlaryň etiniň reňki dessine üýtgeýär we ýakymsyz ysy bolýar.

"Bu beladan ýaňa sygyr heniz dirikä mal eti eýýäm zaýalanyp ýetişýär. Mal eýesi sygyr ot-iýmden galdy diýip, syrkawlan sygyrlary halallap etini almakçy bolanda, et gara öwsüp etden erbet ýakymsyz ys gelýänini bilip galýar" diýip, ýene bir balkanly maldar gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň häkimiýetlerinden we weterinariýa resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Bu aralykda Balkan welaýatynyň çagalar baglarynda etli nahar bişirmek gadagan edildi diýip, habarçymyz bilim edaralaryndaky çeşmelere salgylanyp, habar berýär.

Welaýatyň bazarlarynda bolsa, et söwdasynda üýtgeşiklik göze ilýär. Et gytalyp, bazarlarda çylka etiň bir kilogramy 160 manada durýar, emma onuň içine düýe eti goşulyp satylýar diýip, habarçy 27-nji martda aýtdy. Häzirki et gytçylygynyň Bakanda ýaýran mal keseli bilen bagly bolup bolmazlygy belli däl.

Türkmenistanda mallaryň kesele ýolukmagy we haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlar öň hem bolupdy. Geçen ýylyň tomsunda ýurduň dürli welaýatlarynda ýaýrap başlan keselçilik güýze çenli dowam etdi. Iri şahly mallaryň köpçülikleýin ölmegine getiren keseliň ýaýramagynyň arasynda ýurtda et gytçylygy döredi, bahalar ýokarlandy.

Ahal welaýatyndaky maldarlaryň ençemesi kesele garşy özbaşdak göreşmeli bolýandygyny aýdypdy, şonda bu keseliň sebäpleri we onuň nämedigi barada häkimiýetlerden resmi düşündiriş bolmandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса