Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Orta mekdeplerde okuwçy gyzlaryň 'ahlagyna' üns güýçlendirildi

0

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylar üçin ahlak sapaklary geçirilýär. Paýtagtyň mekdeplerinde şu günler guramaçylykly geçirilýän şeýle ýygnaklarda ýaşlardan jynsy gatnaşykdan saklanmak talap edilýär we gyzlaryň ginekologiýa barlagyndan geçiriljekdigi duýdurylýar.

Mekdeplerde Bilim ministrliginiň wekilleriniň we mekdep mugallymlarynyň gatnaşmagynda ýokary synp okuwçylary üçin geçirilýän ýygnaklar ahlak terbiýesine gönükdirilýär.

"Duşenbe güni bilim ministrliginiň çinownikleri bilen mekdepleriň mugallymlary uly synp okuwçy gyzlaryny, ýygnaklar otagyna çagyryp, ýygnakda ahlak terbiýesini güýçlendirmek hakynda, gyzlaryň ginekologiýa barlagyndan geçirilip, duruljagy barada geplediler" diýip, aşgabatly çeşme paýtagt mekdepleriniň birinde 6-njy aprelde geçirilen ýygnak barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy mekdeplerde ahlak meselesine ýene-de ünsüň artdyrylmagynyň sebäplerini mekdep ýolbaşçylaryndan we Bilim ministrliginiň wekillerinden resmi görnüşde anyklap bilmedi. Resmi teswir almak üçin eden jaňlarymyza jogap berilmedi. Ministrligiň websaýtynda ahlak terbiýesi we bu ugurdan geçirilýän işler barada maglumat ýok.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly bilim işgärleri soňky ýygnaklaryň Bilim ministrliginiň ahlak we düzgün tertibi berjaý etmek barada ýygnaklary geçirmek boýunça görkezmesini ýerine ýetirmek üçin geçirilýändigini aýdýarlar.

'Gyzlar ýoluny ýitirýärler'Şeýle-de, çeşmeler, hususan-da ýaş gyzlaryň jynsy gatnaşyklara ir başlamagy we göwreli bolmagy ýaly ýagdaýlar sebäpli geçirilýändigini gürrüň berdiler.

"Mekdeplere gatnaýan ýetginjek gyzlar, esasan garyp hojalyklaryň gyzlary ýoluny ýitirip, ten söwdasyna baş goşmaga kaýyl bolýarlar" diýip, aşgabatly mugallym gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, käbir gyzlar ene-atasynyň gazanjynyň zordan iýmite ýetýänligi sebäpli özleriniň ýönekeý zerurlyklary üçin hossarlaryndan pul sorap bilmeýär. Şeýle-de olar öz synpdaşlarynyň, joralarynyň, deň-duşlarynyň ýanynda "köne-küşül eşikli, hor-homsy ýagdaýda kemsinýär we kemsidilýär.

"Käbir gyzlaryň hemişe boýny buruk bolýar. Olar bu kemsitmelere döz gelmän, garyplyga döz gelmän, ten söwdasyna baş goşýar" diýip, bilim işgäri aýdýar.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan mekdep okuwçylary maşgalalarynda käte iýjek çöreginiň bolmaýandygyny, çagalykdan gazanç gözlemeli bolýandygyny, iş bolsa işläp, bolmasa dilegçilik ýa-da başga islendik gazanç ýoluny gözlemeli bolýandygyny gürrüň berdiler.

Meselä düýpli çemeleşilmeýärÇeşmeler mekdeplerde geçirilýän ýygnaklarda ýaşlaryň terbiýesine we duş gelýän ahlak problemalaryna düýpli çemeleşmeýändigini, statistiki maglumatlary bermek, problemalaryň sebäplerini gozgamak ýaly meseleri agzaman, gözegçilik, gadagançylyk we gorkuzmak bilen çäklenýändigini belleýärler.

"Bilim ministrliginiň resmileri, pedagoglar meseläni düýpli gozgamakdan, düýp sebäplerini ara alyp maslahatlaşmakdan daşda durýarlar. Olar ýurtdaky ýagdaýy gozgamakdan, dörän netijeleri boýun almakdan gorkýarlar we göz üçin göreş alyp barýandyklary barada düşünje döretmekçi bolýarlar" diýip, aşgabatly pedagog aýdýar.

Ýene bir bilim işgäri "gözboýagçylyk çärelerini" geçirmek bilen meseläni ne çözüp, ne-de öňüni alyp bolýandygyny belleýär.

"Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş durmuşynyň, eklenjiniň kynlaşyp, durmuş derejesiniň peselmegi, ýaşlaryň arasynda, ylaýtada gyzlaryň arasynda ahlagyň peselmegine, ruhy çökgünliligiň döremegine getirdi. Ýurduň şu güni we gelejegi örän pajygaly" diýip, mugallym öz pikirini paýlaşdy.

Garyplygyň we ahlak çökgünliligiň ýaşlaryň öz arasyndaky gatnaşyklaryndan we bir-biri bilen özlerini alyp barşynda görse bolýar diýip aşgabatly mugallymlar belleýärler.

"Egin-eşigi hor, garyp hojalyklaryň gyzlary bilen gurply hojalyklaryň çagalaryň arasynda uly tapawut bar. Gurply çagalar garyprak boýdaşlaryny ýolda görmejek bolýarlar, ýanlaryndan kowýarlar, olar bilen gürleşmän çetleşdirýärler" diýip, çeşme aýtdy.

Mekdeplerde ahlak sapaklarynyň geçirilmegi, okuwçy gyzlaryň mejbury ginekologiýa barlaglaryna çekilmegi bilen bagly guramaçylykly çäreler soňky ýyllarda ençeme gezek geçirildi. Şeýle-de, okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy, öýlerinden gaçyp, durmuşa çykmagy we öz janyna kast etmegi ýaly ýagdaýlar barada habar berildi.

Bu ýagdaýlar Türkmenistanyň bilim wekilleri tarapyndan şu çaka çenli resmi taýdan açyk agzalmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса