Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Türkmenistan ‘raýatlar üçin amatly şertleri döretmek teklibini edýär’ -Metbugat

0

Türkmen metbugaty prezident Serdar Berdimuhamedowyň sentýabrda, ilkinji “Merkezi Aziýa – Koreýa respublikasy” sammitine gatnaşmak üçin, Günorta Koreýa sapar etjekdigini habar berýär.

Türkmen DIM-niň 7-nji, 9-njy aprelde beren habarlaryna görä, Seul şäherinde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi; daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň Immigrasiýa gullugynyň komissary Ça Ýon Ho bilen gepleşik geçirdi.

Taraplar migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdy, türkmen tarapy raýatlaryň özara saparlary üçin amatly şertleri döretmek, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça birnäçe teklibi öňe sürdi diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.

Şeýle-de, migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselesine aýratyn seredilendigi aýdylýar.

Türkmen metbugaty, sebitiň beýleki ýurtlaryndakydan tapawutlylykda, türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy, daşary ýurtlarda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, iş meseleleri barada anyk maglumat bermekden saklanýar.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса