Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17 18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Tramp: ABŞ, Eýran gepleşikleriň ikinji tapgyrynda duşuşyp biler, ylalaşyga "gaty ýakyn"

0

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň we Eýranyň urşuň soňuna çykjak ylalaşyga "gaty ýakyndygyny” we ABŞ, Eýran gepleşikçileriniň şu hepdäniň ahyrynda gepleşikleriň ikinji tapgyrynda duşuşyp biljekdigini aýtdy.

"Biz näme boljakdygyny göreris. Ýöne, meniň pikirimçe, biz Eýran bilen ylalaşyk baglaşmaga örän ýakyn" diýip, Tramp 16-njy aprelde Ak Tamyň daşynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berende “ýakyn” sözüni birnäçe gezek gaýtalap aýtdy we "Ylalaşyk baglaşmagymyzyň örän uly mümkinçiligi bar" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Soň Tramp bu sözlemi Las Wegasda geçirilen çärede hem gaýtalap, köpçüligiň öňünde urşuň "ýüzüp" barýandygyny we onuň "örän tiz wagtda soňlanmalydygyny" aýtdy.

Tramp 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana howa zarbalaryny urmagy bilen başlanan urşy soňlajak ylalaşygyň mümkin bolan elementleri barada az maglumat berdi, ýöne Eýranyň "ýadro tozanyny" yzyna bermäge, ýagny özünde baýlaşdyrylan uran gorlaryny bermäge razy bolandygyny aýtdy. Bu uran gorlary, belli bir derejede baýlaşdyrylanda, ýadro ýaragynyň esasy bölegi bolup durýar.

Ol 22-nji aprelde möhleti gutarýan iki hepdelik ýaraşygyk ylalaşygyyň wagtyny uzaltmak zerurdygyna ynanmaýandygyny we "eger bu ýerde ylalaşyk bolmasa... söweşleriň täzeden başlanjakdygyny" aýtdy, emma onuň anyk wagtyny görkezmedi.

Şeýle-de, Tramp birnäçe sagat öň sosial mediada eden beýanatyny gaýtalap, Ysraýyl bilen Liwanyň 16-njy aprelde, ABŞ-nyň gündogar wagty bilen agşam sagat 5-den başlap 10 günlük ýaraşyk baglaşandygyny, atyşygy bes etmek şertnamasynyň “Hizbollany” hem öz içine alýandygyny aýtdy.

Günorta Liwanyň köp bölegini öz gözegçiliginde saklaýan söweşiji topar we syýasy partiýa bolan “Hizbolla” Birleşen Ştatlar tarapyndan terrorçy gurama hasaplanýar, Ýewropa Bileleşigi bolsa onuň ýeke-täk ýaragly ganatyny gara sanawa goşdy.

Tramp Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we Liwanyň prezidenti Jozef Aun bilen bir-iki hepde içinde Ak Tamda görüşmegine garaşýandygyny aýtdy. Netanýahu öz eden wideo beýanatynda atyşygy 10 günläp bes etmäge razydygyny we, onýyllara çeken çaknyşyklardan soň, Liwan bilen taryhy ylalaşyk baglaşmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса