Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Türkmenabatda polisiýanyň ýaş jübütleri saklap, olardan ‘para talap etmek çäreleri’ güýçlendi

0
Lebabyň Türkmenabat şäherinde polisiýa işgärleriniň ilata, hususan-da, ýaş jübütlere gözegçiligi güýçlendi. El tutuşyp barýan ýaş jübütleriň köçelerde we seýilgählerde gezelenç edýän mahaly polisiýa işgärleri tarapyndan saklanmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi.
Jübütler “jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmezlikde, ahlaksyzlykda” aýyplanyp, polisiýa tarapyndan talap edilýän parany bermäge mejbur edilýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy aprelde sebitden maglumat berdi.
“Giçlik sagat 7 töweregi halaşýan gyzym bilen el tutuşyp, Baş Baýdak meýdançasynda, arygyň kenarynda gezelenç edip ýördük. Birden seržant pagonly ýaş polisiýa işgäri ýanymyza gelip, köpçülikde özümizi alyp barşymyzy tankytlap, dürli paýyş sözleri aýdyp başlady” diýip, 19 ýaşyndaky türkmenabatly ýigit anonimlik şertinde ýakynda başdan geçiren ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, soňra polisiýa olary seýilgähiň içindäki arçalyga tarap alyp gitdi we bu ýerde başga bir polisiýa işgäri hem-de hususy ulag bardy. Polisiýa işgärleri gyzdan şahsy maglumatlaryny sorap, basyş edip başlapdyrlar. Gyz tolgunyp aglapdyr.
"Dürli kemsidiji sözleri aýdyp, bizi masgara etdiler"“Polisiýa meni ulaga mündürjek boldy, garşylyk görkezdim. Şonda olar ‘polisiýa garşylyk görkezdiň’ diýip jenaýat işi açmak bilen haýbat atdy. Soňra meni bir gapdala alyp gidip, 200 manat talap etdi. Ýöne ýanymda pul ýokdy. Şondan soňra bizi şäher polisiýa bölümine alyp gitdiler. Halaşýan gyzymyň hem-de meniň ene-atamy çagyryp, gyzy agladyp, dürli kemsidiji sözleri aýdyp, bizi masgara etdiler” diýip, türkmenabatly ýigit belledi.
Ýaş ýigidiň halaşýan gyzy bilen Baş Baýdak meýdançasynda ýaňy-ýakynda ýüzbe-ýüz bolan pursatlary Türkmenabadyň beýleki köpçülik ýerlerinde, şol sanda seýilgählerde, hatda ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda ýa-da köçelerde hem ýüze çykýar.
Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmenabatly ýaşlaryň ençemesi polisiýa işgärleriniň bu çäreleriniň “galtamançylyk” diýip häsiýetlendirdi.
"Ýaşlar el tutuşyp gezelenç etmeli dälmi?"“Parany bermeseň, seni polisiýa bölümine alyp gidýärler. Soň ene-ataňy çagyryp, saňa we halaşýan ýigidiňe ýa-da gyza dürli kemsidiji, paýyş sözleri aýdyp, seni masgaralaýarlar. Oglan polisiýa gitmejek bolup, garşylyk görkezse, onuň hossarlaryndan 500–700 manat töweregi para alýarlar. Indi näme ýaşlar öz ýaşaýan şäherinde el tutuşyp gezelenç etmeli dälmi?” diýip, türkmenabatly ýaşlaryň ýene bir anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäheriň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 28-nji aprelde müdirlige eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmen häkimiýetleri soňky ýyllarda ilat arasynda ahlak gözegçiligini güýçlendirýär. Gözegçilik işleri halk arasynda "ahlak terbiýesini" pugtalandyrmagyň guraly hökmünde wagyz edilýär. Ahlak düşünjesi ýurduň media serişdelerinde ata-babalardan gözbaş alýan däp-dessurlaryň we edim-gylymlaryň berjaý edilmegi hökmünde kabul edilýär.
Häkimiýetleriň "Ahlak göreşi"Häkimiýetler jemgyýetçilik ýerlerinde erkekleriň we aýallaryň özlerini alyp baryşlaryna gözegçilik işlerini hem “ahlak göreşi” bilen düşündirýärler. Ýöne Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi bu çäreleri "ilatdan para alyp, olary talamagyň bir usuly" atlandyryp gelýär.
Ýurtda raýatlaryň köpçülik ýerlerinde, şol sanda seýilgählerde, köçelerde el tutuşyp ýöremegine garşy çäreler mundan ozal hem ençeme gezek amala aşyrylypdy.
2024-nji ýylyň aprelinde Türkmenabatda polisiýa işgärleriniň seýilgählere aýlanyp, bu ýerlerde gol tutuşyp, gujaklaşýan jübütleri gorkuzyp para alýandygyny, Azatlygyň habarçylary gürrüň beripdi. 2022-nji ýylda bolsa, köçelerde ýöräp barýan dürli ýaşlardaky jübütleri saklamak, polisiýa bölümine eltip, jerime salmak we ahlak sapagyny geçirmek ýaly tejribeler bolupdy.
Häkimiýetler şeýle çäreleri jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň berjaý edilmegini gazanmak ugrunda alyp barýan tagallalary hasaplaýarlar.
Ýurtda raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlaryna gatyşmakda we olary çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen hökümeti we metbugaty bu ýagdaýlar barada aç-açan maglumat berip, gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса