Eýranyň Konserwatiw lageri ABŞ-nyň urşy soňlamak gepleşikleri üstünde iki bölündi
ABŞ-nyň we Ysraýylyň weýrançylykly bombalaýyş kampaniýasynyň öňünde, Eýranyň bäsdeş syýasy toparlary ýurduň karar kabul edijileriniň arkasynda birleşmek üçin, öz pikir tapawutlaryny bir gyra süýşürdiler.
Emma Birleşen Ştatlar bilen atyşygy bes etmek barada gelnen ylalaşyk 8-nji aprelde güýje gireli bäri, yslam respublikasyndaky çuň syýasy parhlylyklar has açyk ýüze çykdy.
Tähranyň iki aýlyk urşuň soňuna çykmak üçin gepleşmek synanyşyklary sebäpli jemgyýetçilikde dörän närazylyk Eýranyň kiçi, ýöne dogumly aşa konserwatiwler toparyny has orta derejeli konserwatiwlere gapma-garşy goýdy. Bu gapma-garşylyk parlamentiň mejlis zallarynda we döwlete degişli metbugatyň baş sahypalarynda öz beýanyny tapdy.
Emma analitikler bu bölünişiň ideologiýa bilen baglanyşykly däldigini duýdurýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, esasy pikir tapawutlary hatda Birleşen Ştatlar bilen ylalaşyk baglaşmalymy ýa-da baglaşmaly däl diýen meselede hem däl, eýsem haçan parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga çalyşmalydygy we nähili eglişikleri emeldigi bilen bagly.
Bu dawa 11-12-nji aprelde Pakistanda, parlament spikeri Mohammad Baker Kalibaf bilen ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wensiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýalaryň arasynda geçirilen gepleşikleriň birinji tapgyryndan soňky günlerde ýitileşdi.
Ozal esasan ýapyk gapylaryň arkasynda saklanan dawa Eýranyň Yslam rewolýusiýasyny goraýjylar korpusy (IRGC) bilen baglanyşykly neşir, “Tasnim” habar agentligi 25-nji aprelde aşa konserwatiwleriň üstünden gülüp, olaryň gepleşiklerden edýän tamalaryyny "jadyly noýba gürrüňi" bilen deňeşdiren redaksion makalasyny çap edende, açyk media urşuna ýazdy.
Aşa konserwatiwler Eýranyň ABŞ-a hiç hili eglişik etmeli däldigini, şol sanda öz ýadro programmasy babatynda hiç bir eglişige gitmeli däldigini aýtdylar, bu bolsa Waşington üçin kabul ederlik däldi. Şeýle-de, olar islendik parahatçylyk ylalaşygynyň Eýranyň sebitdäki wekillerine hem degişli bolmalydygyny we Tährana garşy ähli sanksiýalaryň ýatyrylmagyny üpjün etmelidigini öňe sürýärler.
“Tasnim” başga bir makalasynda aşa konserwatiwlere ýakyn “Raja News” web sahypasyny, Eýranyň gepleşik toparyny tankytlamak bilen, “agzalalyk” döretmekde we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň elini güýçlendirmekde aýyplady.
Birnäçe gün öň Tramp Eýran ýolbaşçylarynyň içinde “örän uly içerki tutluşygyň we bulaşyklygyň” bardygyny aýdypdy.
Birnäçe gün öň Tramp Eýranyň ýolbaşçylarynyň içinde “uly içki göreşiň we bulam-bujarlygyň” bardygyny aýdypdy.
Waşingtonda ýaşaýan eýranly syýasy analitik Ali Afşari Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pars gullugyna, Farda radiosyna beren interwýusynda jemgyýetçilik gapma-garşylygyna kän üns bermeli däldigini duýdurdy.
"Meniň pikirimçe, bu çekişmeleri häzirlikçe çynlakaý gurluş bölünişiginiň delili hasaplap bolmaz" diýip, ol aýtdy.
ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda başlanan bombalaýyş kampaniýasy Eýranyň syýasy we harby ýolbaşçylarynyň köpüsini heläk etdi. Netijede, uzak wagtlap ýokary lider bolan Aýatolla Ali Hameneýi öldürildi we onuň ýerine ogly Mojtaba geldi.
Ýöne ol häkimiýet başyna geleli bäri köpçüligiň öňünde bir gezegem görünmedi.
Aşa konserwatiwleriň esasy nyşany ýurduň baş gepleşikçisi, häzir ABŞ bilen geçirilýän gepleikleriň öňüni çekýän Kalibaf diýlip bilinýär. Öň prezidentlige dalaşgär bolan Said Jalili bilen birleşen täsirli aşa konserwatiw fraksiýa, Paýdari fronty bilen baglanyşykly syýasatçylar gepleşik toparyny täze ýokary lider tarapyndan kesgitlenen gyzyl çyzyklary bozmakda aýypladylar.
Paýdari bilen baglanyşykly kanun çykaryjy, Pakistana baran delegasiýa goşulan Mahmud Nabawýan bu gepleşikleriň "diňe zyýanly" bolandygyny we Eýranyň ýadro programmasynyň çäklerini ara alyp maslahatlaşmagyň "strategik ýalňyşlykdygyny” aýtdy.
Eýran parlamenti 27-nji aprelde gepleşik toparyny goldaýandygyny aýdýan beýanata ses berdi. 261 kanun çykaryjynyň diňe ýedisi, Paýdariniň tanymal wekilleriniň ählisi bu beýanata gol çekmekden ýüz öwürdi.
"Eýran nebiti uruşdan öňki bahasyndan iki esse gymmat satylýar" diýip, Nabawýan ertesi gün X-de ýazyp, "gorkaklary", öz ýaňzytmagyna görä, gepleşikleri goldamaýan jemgyýetçiligiň hataryna goşulmaga çagyrdy. Uruş halkara energiýa bazarlaryny sarsdyrdy we global ykdysadyýete zarba urddy. Netijede, görnüşinden, berk liniýanyň tarapdarlary munuň ahyrsoňy Waşingtony eglişiklere gelmäge mejbur etmegine umyt baglaýarlar.
Afşari aşa konserwatiwler bilen has aram konserwatiwleriň arasyndaky bölünişigiň parahatçylyk gepleşikleriniň wagty bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Ol aşa konserwatiwleriň urşy dowam etdirip, güýç pozisiýasyndan gepleşmek isleýärler diýip, ol aýtdy. Munuň tersine, Kalibaf we beýleki has aram konserwatiwler urşuň häzir soňlanmagyny we mümkinçilik bar wagtynda ylalaşyk gazanmagy isleýärler.
"Düşünişmezlik şu derejede saklanýar, ýöne olar [aşa konserwatiw] blokdakylaryň haýsydyr biriniň hiç hili ylalaşyk gazanylmazlygyny goldaýan derejesinde öte gitmeýärler" diýip, Afşari öz pikirini aýtdy.
Eýrandaky syýasy agzalalyk gizlenip ýaşaýan we agyr ýaralanandygy aýdylýan Mojtaba Hameneýiniň görünmezligi sebäpli has güýçlendi. Bar bolan habarlara görä, ol Eýran resmileri bilen örän az derejede gatnaşyk saklaýar.
"Ýokary Lider Mojtaba Hameneýiniň görünmezligi sebäpli aýgytly merkezi häkimiýetiň bolmazlygy bu çekişmeleriň režim kanallarynyň içinde galman, jemgyýetçilige syzyp çykmagyna mümkinçilik berene meňzeýär" diýip, ABŞ-da ýerleşýän ylmy-barlag merkezi, “Uruş barlaglary instituty" 28-nji aprelde çap eden hasabatynda ýazdy.
Bu makala AÝ/AR-nyň Pars gullugynyň, Farda radiosynyň žurnalisti Reza Jamali bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
