Maryda günebakar ýagynyň çäkli satuwy ýola goýuldy, Lebapda ilatyň nägileligi “artýar”
Türkmenistanda ilata bazar nyrhyndan arzan satylýan ösümlik ýagynyň üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler saklanyp galýar. Mary welaýatynda günebakar ýagy ilata çäkli möçberde satylýar. Lebap welaýatynda bolsa, ýag gytçylygynyň fonunda, hökümete tarapdar neşirde azyk önümleriniň arzanlandygy barada çap edilýän maglumatlar, ilat arasyndaky nägileligi güýçlendirýär. “Anna gününden, ýagny 22-nji sentýabrdan başlap Mary şäherinde her adam başyna bir guty günebakar ýagy satylyp başlandy. Bahasy 18 manat bolan ýag ýük ulagynda getirilip... Читать дальше...