Öten agşamky uçarda onlarça etniki gazak Kabuldan Gazagystana getirildi
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi 9-njy sentýabrda Almaty howa menzilinde gonan harby ýük uçarynyň 35 sany owganystanly gazagy alyp gelendigini aýtdy.
Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýbek Smadiýarowyň Azatlyk radiosyna beren habaryna görä, uçar Kabuldan dört sany gazak, bir gyrgyz raýatyny we Gazagystanda hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan bir owgan raýatyny hem alyp gelipdir.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geçen aý hökümete owgan raýaty bolan etniki gazaklary Kabuldan ewakuasiýa etmegi guramagy buýurdy.
"Talyban" söweşijileri geçen aý Owganystanyň tas ähli ýerini ele geçireli bäri, köp owganly etniki gazakdygyny aýdyp, Gazagystanyň häkimiýetlerine ýüz tutdy we özleriniň Gazagystana alnyp gidilmegini sorady.
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi awgust aýynyň başynda Kabuldaky gazak konsullygynda etniki gazakdygyny aýdýanlaryň haýyşyna seretmek üçin ýörite komissiýanyň döredilendigini aýtdy.
Gazak resmileriniň habar bermegine görä, Owganystanda 200-e golaý etniki gazak bar. Gazagystan 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolansoň, ýörite programma esasynda, daşary ýurtlardaky etniki gazaklary ýurda getirmäge başlady. Emma muňa garamazdan, Owganystanda henizem etniki gazak kän diýip, resmiler Azatlyk radiosyna aýtdy.
Owganystandaky gazaklar esasan 1920-1930-njy ýyllarda, sowetlerden gaçyp giden gazaklaryň garyndaşlarydyr. Olaryň köpüsi dari we/ýa-da özbek dilinde gürleýär.