Добавить новость
ru24.net
World News
Сентябрь
2021

Baýden pandemiýa garşy göreşmek üçin giň gerimli sanjym çäresini yglan edýär

0
Prezident Jo Baýden 100 million çemesi amerikan raýatyna täsir edýän sanjym bökdençligini aradan aýyrmak üçin, gapma-garşylykly syýasatyň çäginde, giň gerimli sanjym mandatyny yglan etdi, tankytçylar onuň öz ygtyýarlylyklaryny aşa ýokarlandyrandygyny aýdýarlar.


Baýden 9-njy sentýabrda Ak tamda eden çykyşynda aýlap elýeterli bolandygyna garamazdan, ýokary ýokançlygy bolan delta görnüşiniň wirus ýokuşanlary, hassahana düşýänleri we ölýänleri aşa köpeldýän wagtynda hem sanjym edilmedik 80 million çemesi amerikalyny tankytlady.


“Biz sabyrlylyk etdik. Ýöne biziň sabyrymyz azalýar we siziň hötjetligiňiz biziň hemmämize gymmat düşdi” diýip, Baýden sanjym edilmedik adamlaryň arasynda çynlakaý ýokanç kesellileriň köpdügini aýtdy. 


Wirusa garşy göreşmek üçin alty ugurly strategiýa laýyklykda, Baýden 100-den gowrak işgäri bolan ähli iş berijiler üçin sanjym edilmegini ýa-da wirus üçin hepdede synag edilmegini talap edýän giň we täze düzgünleri çap etdi.


Bu planyň ýene bir elementi federal işgärleriň we federal potratçylaryň ählisiniň hökmany sanjym edilmeginden ybarat bolup, bu ozalky düzgüni, sanjymyň ýerine yzygiderli synag mümkinçiligini hödürleýän syýasaty ýatyrmagy nazarda tutýar. Bu ýene birnäçe million işçini öz içine alýar we, sanjym edilmedik halatynda, olaryň käbiri işini ýitirip biler.


Respublikanlar derhal Baýdeni öz ygtyýarlyklaryndan aňry geçmekde aýypladylar. Respublikanlaryň Milli komiteti bolsa, waksina mandatlarynyň öňüni almak üçin, Baýden administrasiýasyny suda berjekdigini aýtdy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Во время матча Соболенко и Александровой в Дохе на корт выбежала кошка






Школа, где растёт виноград

На съемках сериала «Челюскин. Первые» Глеб Калюжный сломал палец, а Стасю Милославскую чуть не переехала собачья упряжка

Пока без снега: прогнозы синоптиков о погоде в Москве пока не подтверждаются

Зима пропащая. Как аномальные зимние температуры аукнутся нам весной