Добавить новость
ru24.net
World News
Сентябрь
2021

Aşgabat türkmen demir ýollary arkaly täjik ýükleriniň geçirilmegini dikeltmäge razy boldy

0
Täjigistanyň Transport ministrliginiň habaryna görä, Aşgabat Täjigistanyň harytlarynyň we beýleki döwletlerden Täjigistana gelýän ýükleriň Türkmenistanyň demir ýollary arkaly üstaşyr geçirilmeginiň dikeldilmegine rugsat berdi.


Emma muňa garamazdan, Täjigistan harytlarynyň Türkmenistanyň çäginden gury ýer ulaglary bilen üstaşyr geçirilmegi baradaky çäklendirmeler heniz güýjünde galýar.


Täjigistanyň Transport ministrliginiň wekili Farruh Nematzoda 10-njy sentýabrda Ozodi radiosyna beren interwýusynda demirýol ýükleriniň Türkmenistanyň çäginden geçirilmeginiň täzeden başlandygyny tassyk etdi.


Täjigistanyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bolsa, Türkmenistanyň Täjigistana öz üstünden geçýän ähli demirýol ýükleriniň geçiş tölegini 40 göterime çenli arzanladandygyny aýtdy.


Türkmenistanyň häkimiýetleri 2018-nji ýyldan bäri Täjigistanyň harytlarynyň öz çäklerinden geçmegine rugsat bermeýär.


Ýerüsti transport aragatnaşygynyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan häzirlikçe doly düşünip bolmaýan sebäpler esasynda ýapylmagy bilen, Täjigistan bilen Eýranyň arasyndaky ýük gatnawlary togtadylan bolmagynda galýar we munuň häzirki bir sebäbi COVID-19 aladalary bilen baglanyşdyrylýar.


Täjigistanly resmiler üç ýyl töweregi wagt bäri türkmen kärdeşleri bilen düşünişip, ylalaşyp bilmediler.


Täjik häkimiýetleri demirýol ýükleriniň geçirilmegi baradaky meseläniň Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň awgust aýynyň başynda Aşgabat şäherine eden sapary wagtynda iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň çözülendigini aýdýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Елена Рыбакина получила новую угрозу в чемпионской гонке WTA






Седан от Volkswagen по цене Lada Vesta: в автосалонах появился Lavida XR за 1,62 млн рублей

В телефоне террориста, готовившего взрыв в Москве, нашли ролики с убийствами

Константин Кривохижин — третий на турнире в Пироговском

Защищённый планшет Saotron RT-W11J на базе ОС Windows10