Добавить новость
ru24.net
World News
Сентябрь
2021

Hyratda "giň ýaýran" hukuk bozulmalary aýallaryň arasynda gorky döredýär

0
Adam hukuklaryny goraýjylar "Talybanyň" Owganystanyň günbataryndaky Hyrat şäherinde aýal-gyzlara garşy "giň ýaýran we çynlakaý" hukuk bozmalary amala aşyrmagynyň çynlakaý alada döredýändigini aýdýarlar. Şunuň bilen baglylykda, olar bu toparyň Kabuldaky ýolbaşçylarynyň öz agzalarynyň bütin ýurt boýunça edýän hereketlerine gözegçilik etmek ukybyny ýa-da islegini hem sorag astyna alýarlar.


12-nji awgustda Hyraty ele geçireli bäri ýokary derejeli aýallary gözlemek, aýal-gyzlaryň öz öýleriniň çäginden daşarda hereket etmek hukuklaryny ret etmek, hökmany eşik düzgünlerini girizmek, işe we okuwa bolan elýeterliligi gazaply çäklendirmek, parahatçylykly ýygnanyşmagy çäklendirmek bilen, berk talaply yslamçy toparyň agzalary aýal-gyzlaryň arasynda gorky döretdi” diýip, adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch (HRW) guramasynyň we San Jose  döwlet uniwersitetiniň (SJSU) Adam hukuklary institutynyň çap eden beýanatynda aýdylýar.


Bu iki gurama Hyratdaky ýedi aýal, şol sanda aktiwistler, mugallymlar we uniwersitet talyplary bilen “Talybanyň” şäheri ele geçireli bäri başdan geçirenleri barada söhbetdeşlik geçirendiklerini aýdýarlar. Aýal-gyzlar öz howpsuzlygyny alada edip, atlarynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşipdirler.


Aýal-gyzlar HRW we SJSU Adam hukuklary Institutyna “Talyban” Hyraty ele geçiren gününden başlap, dört diwaryň içine gabalandyklaryny görüp, durmuşlarynyň "agdar-düňder bolandygyny" aýtdylar. Olar indi ýanlarynda "erkek maşgala agzasy bolmazdan ýa-da geýim çäklendirmeleri sebäpli öýlerinden çykmakdan gorkýarlar", bilime we işe girmek mümkinçilikleri düýpli üýtgedi ýa-da ýok boldy. 


Şeýle-de olar işlemek mümkinçiliklerini ýitirip, girdejiden kesilip, ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny, bu ýagdaýyň döreden ruhy ejirlerini çekmeli bolýandyklaryny gürrüň berdiler.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко рассказала о проблемах со здоровьем






Источник 360.ru: пожар произошел в ресторане на Мичуринском проспекте в Москве

Жителей столичного региона предупредили о скорых 20-градусных морозах

Московские волонтёры посетили центр добровольчества в Печорах

CUHK лидирует в области инноваций в здравоохранении, одновременно продвигаясь в мировых рейтингах