Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2017
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27 28 29 30 31

Andijon şäheriniň häkimi mugallymlary kemsidendigi üçin jerimä sezewar boldy

0
Andijon şäheriniň häkimi köpçüligiň öňünde mugallymlary kemsidendigi üçin jerimä sezewar boldy. Bu karar Özbegistanda öň görlüp-eşidilmedik ýagdaý boldy.


Ýurduň Baş prokuraturasy ýerli suduň 26-njy dekabrda çykaran kararyna görä, Dilmurod Rahmatullaýewiň köpçüligiň öňünde birnäçe adamy kemsidendigi üçin 5 million som ($640) dollar möçberinde jerime tölemelidigini aýtdy.


Özbegistan 1991-nji ýylda döwlet garaşsyzlygyny yglan edeli bäri ýurtda ilkinji gezek häkimiýet başyndaky adam wezipesi bolmadyklary kemsidendigi üçin kanunyň öňünde jogapkärçilige çekilýär.


Munuň öňüsyrasynda prezident Şawkat Mirziýoýew halka ýüzlenmesinde öz işgärleri we adaty raýatlar babatynda hapa sözleri ulanýan resmileri tankyt etdi.


Özbegistanyň prezidenti resmilerden raýatlar bilen aragatnaşygyny kämilleşdirmegini talap etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса