Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2017
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27 28 29 30 31

Новости за 30.12.2017

Eýran protestler tolkunynda hökümete tarapdar ýygnanyşyklary geçirýär

Azathabar.com 

Döwlet TW-si Tähranda we Maşatda ýokary ruhany lider Aýatolla Ali Hameneýini goldaýan şygarlary göterip barýan demonstrasiýaçylary görkezdi. Bu ýygnanyşyklarda 2009-njy ýylda, dawaly prezident saýlawlaryndan soň bolan we ýurdy çaýkan gozgalaňlaryň soňlanmagy bellenilýär. (Reuters/IRINN)

Eýranlylar azyk bahalarynyň gymmatlamagyna protest bildirýär

Azathabar.com 

Eýranyň polisiýasy Tähranda we günbatar şäher Kermanşahda onlarça demonstrasiýaçyny tussag edeninden soň, täzeden hökümete garşy ýygnanyşyklaryň geçirilmegine garşy duýduryş berdi. Tähran welaýatynyň gubernatorynyň orunbasary Mohsen Hamadani 29-njy dekabrda, bahalaryň gymmatlamagyna garşy protest bilen başlanyp, syýasy demonstrasiýa öwrülen we Eýranyň bir topar şäherine ýaýran protestleriň ikinji gününde çykyp gürläp, kanun goraýjy gulluklaryň indiki ýygnanyşyklaryň garşysyna berk çäre görjekdigini duýdurdy. Читать дальше...

Özbegistan Orsýet bilen ýadro hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekdi

Azathabar.com 

Özbegistan Orsýetiň “Rosatom” döwlet energiýa korporasiýasy bilen ýadro hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekdi. “Rosatom” bu şertnamanyň “medeni ýadro energiýasynyň köp aspekti boýunça” ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara ýol açjakdygyny aýdýar. Bu şertnama 29-njy dekabrda, “Rosatomyň” baş direktory Alekseý Lihaçýow bilen Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Nodir Otajonow gol çekdi. "Bu hyzmatdaşlyk Özbegistanda infrastruktura döretmegi, tälim berilmegini, ýadro elektrik stansiýalarynyň we ylmy-barlag reaktorlarynyň gurulmagyny... Читать дальше...

Türkmenistanyň prezidenti manadyň “durnukly” boljakdygyny aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler kabinetiniň 2017-nji ýyldaky soňky maslahatyny geçirip, türkmen manadynyň durnukly bolmagynda galjakdygyny aýtdy. “Çaklamalara görä, puluň hümmetsizlenmegi hem durnukly ýagdaýda, takmynan, 6 göterim möçberde saklanar” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.  Prezident bu çaklamalaryny “geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilmegi” bilen düşündirdi. Ol zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberiniň ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylandygyny ýatlatdy. Читать дальше...

Eýranda, protestleriň arasynda, hökümete tarapdar ýygnanyşyklar geçirilýär

Azathabar.com 

Birnäçe şäherde uly ykdysady protestler gurnalandan soň, Eýranda ýurt boýunça hökümete tarapdarlaryň ýygnanyşyklary guralýar. Döwlet telewideniýesi paýtagt Tährandaky ýygnanyşyklary we Eýranyň ikinji uly şäheri bolan Maşatda ýokary ruhany lider Aýatolla Ali Hameneýini goldaýan şygarlary göterip barýan demonstrasiýaçylary görkezdi.  Bu ýygnanyşyklarda 2009-njy ýylda, dawaly prezident saýlawlaryndan soň bolan we ýurdy çaýkan gozgalaňlaryň soňlanmagy bellenilýär. Döwlet telewideniýesi 30-njy dekabrda... Читать дальше...

Müsür sudy ozalky yslamçy prezident Muhammad Morsä üç ýyl iş kesdi

Azathabar.com 

Müsür sudy ozalky yslamçy prezident Muhammad Morsini sud sistemasyny masgaralamakda aýyplap, üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. 30-njy dekabrdaKairde bolan sud Morsiniň dört ýyl ozal, “ýigrenç ýaýratmak maksady bilen” jemgyýetçilikde çykyp gürlände sud sistemasyny masralandygyny aýtdy, bu barada döwlet telewideniýesi habar berdi. Şeýle-de sud şu aýyplama esasynda ýene 18 adama üç ýyldan iş kesdi. Sud edilenleriň ýene bäşisine, şol sanda demokratiýa tarapdar kampaniýaçy Alaa Abdel-Fattaha... Читать дальше...

Mattis: ABŞ-nyň Ukraina berýän täze ýaraglary Moskwany alada goýmasyn

Azathabar.com 

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky roly üýtgemeýär diýdi we ABŞ-nyň geçen hepde Kiýewi täze ýaraglar bilen üpjün etmek kararyna gelmeginiň Orsýeti alada goýmaly däldigini belledi. "Eger-de Ukrainany birleri basyp almak islemese, munuň hiç bir uly täsiri bolmaz öýdýärin. Olar goranyş ýaraglary” diýip, Mattis 29-njy dekabrda, ABŞ-nyŇ Döwlet departamenti 22-nji dekabrda Ukrainanyň “güýçlendirilen goranyş mümkinçiliklerini” goldamakkararyny yglan edeli bäri aýdan ilkinji sözlerinde belledi. Читать дальше...

Türk polisiýasy Täze ýyl baýramyndan öň güman edilýän jeňçileri tutdy

Azathabar.com 

Türk polisiýasy 29-njy dekabrda Ankarada “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň gazasy bolmakdan güman edilýän 29 adamy tussag etdi, olaryň arasynda Täze ýyl baýramçylyklary mahalynda hüjüm gurnamakçy bolanlaryň hem bardygy aýdylýar.  Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki“Anadolu” habar gullugy 29-njy dekabrda bir wagtda güman edilýänleri tutmak üçin geçirilen reýdlere 500 çemesi polisiýa işgäriniň gatnaşandygyny habar berdi. Bu tussag etmeler türk polisiýasynyň bir gün öň bütin ýurt boýunça güman edilýän... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Анастасия Потапова вышла во второй круг турнира WTA-1000 в Риме






Две пары Поморья примут участие во Всероссийском свадебном фестивале в рамках Международной выставки-форума «Россия»

В Гидрометцентре спрогнозировали сроки потепления в Москве

Участник встречи на Эльбе ветеран США Кон призвал не допустить третьей мировой

«У нас бабичник»: Гузеева улетела на малую родину без мужа и дочери