Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2017
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27 28 29 30 31

Kabulda bolan partlamada azyndan 40 wepat boldy we 30 çemesi adam ýaralandy

0
Owganystanyň Içeri işler ministrligi Kabulda Şaýy medeni merkezinde bolan partlamada azyndan 40 wepat bolandygyny we 30 çemesi adamyň ýaralanandygyny habar berdi.


“Yslam döwleti” (YD) söweşiji topar hüjüme özüniň jogapkärdigini aýtdy.


Owganystanyň “Talyban” topary bu hüjüme gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy. Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani 28-nji dekabrda bolan bu hüjümi terrorçylar tarapyndan amala aşyrylan “adamzada garşy jenaýatçylyk” diýip atlandyrdy.


Gani partlamanyň yslama we “ähli ynsan gymmatlyklaryna” garşy gönükdirilendigini aýtdy.


Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahimi partlama bilen Kabulyň günbatar Daşt-e Barçi etrabynda ýerleşýän şaýylaryň “Tabaýan” medeni merkeziniň nyşana alnandygyny aýtdy. Rahimi janyndan geçen hüjümçiniň sowet goşunlarynyň Owganystana goşun salmagynyň 38-nji ýyl dönüminde geçirilen çäräniň dowamynda amala aşyrylandygyny habar berdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса