Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

ABŞ-da Trampyň immigrasiýa syýsatyna garşy müňlerçe adam protest bildirýär

0
Amerikan paýtagtynda we Birleşen Ştatlaryň beýleki şäherlerinde prezident Donald Trampyň migrasiýa syýasatlaryna, şol sanda migrant maşgalalaryň bir-birinden aýrylmagyna garşy müňlerçe adam proteste çykdy.


Müňlerçe migrant çaganyň öz ene-atasyndan aýrylmagyna getiren syýasat netijesinde dörän gahar-gazabyň güýçlenmegi bilen ýurt boýunça ýüzlerçe demonstrasiýa planlaşdyryldy. 


Ak tamyň garşysynda toplanan protestçiler “Utanç! Utanç!” diýip gygyrdylar. Käbirleri “Çagalar nirede?” we “Zalymlygy bes et”, “Biz Amerika” diýen şygarlary galdyrdy.


Tramp adminstrasiýasy Birleşen Ştatlara bikanun gelip giren we tussag edilen migrantlar babatda “hiç bir geçirimlilik etmezlik” syýasatyny öňe sürdi.


Emma bu çäre çagalaryň ene-atalaryndan aýrylmagyna alyp geldi we zynjyr bilen baglanan kapasalarda ýaşaýan çagalaryň şekilleri giň gahar-gazap döretdi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса