Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 26.07.2018

Ekspert Türkmenistandaky inflýasiýanyň derejesini ýene-de hasaplady; Inflýasiýanyň özi näme?

Azathabar.com 

Jons Hopkins uniwersitetiniň professory Stiw Henki 23-nji iýulda Türkmenistanda inflýasiýanyň derejesiniň 124 % bolandygyny aýtdy. Onuň soňky hasaplamalaryna görä, Türkmenistan inflýasiýanyň derejesi boýunça dünýäde Wenezuelladan, Eýrandan we Sudandan soň dördünji ýerde durýar.  Henki mundan ozal 1-nji iýunda bu görkezijini 294 % diýip, ony dünýäde ikinji iň ýokary inflýasiýa häsiýetlendiripdi.

Tramp Putin bilen 2019-njy ýylda, “arwah awlamalary sowlandan soň” duşuşmak isleýär 

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus prezidenti Wladimir Putin bilen 2019-njy ýylda, Adalat departamentiniň 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasyna Orsýetiň gatyşmagy baradaky derňewi tamam bolandan soň duşuşar diýip, onuň milli howpsuzlyk geňeşçisi aýtdy. "Prezident prezident Putin bilen indiki ikitaraplaýyn duşuşyk Orsýet arwah awlamasy sowlandan soň geçirilmeli diýip ynanýar we netijede biz onuň birinji ýyldan soň geçirilmegi barada ylalaşdyk” diýip, Jon Bolton 25-nji iýulda çap eden beýanatynda aýtdy. Читать дальше...

Türkmenistana ýene bir açlykly gyş garaşýarmy?

Azathabar.com 

Türkmen resmileri galla hasyly barada dymýarlar, bu bolsa Türkmenistanyň halkynyň un we çörek gytçylygy bilen bagly üçünji agyr gyşy başdan geçirmeli bolup biljeginiň ýaramaz alamatydyr.    Türkmenistanyň halkyna ýene bir açlykly gyşyň garaşýan bolmagyna meňzeýär, beýle ýagdaý ençeme ýylyň dowamynda üçünji gezek bolup biler. Emma ozalky ýyllarda bolşy ýaly hökümet problemanyň bardygyny hatda boýun almaga-da taýýar däl görünýär.   Hasyl ýygnaldy. Emma, muňa garamazdan, hökümet şu ýyl yglan eden... Читать дальше...

Gazak sudy Almatynyň ozalky häkiminiň garşsyna gaýybana sud diňlenişigini açdy

Azathabar.com 

Gazak sudy 26-njy iýulda Almatynyň ozalky şäher häkimi Wiktor Hrapunowyň we onuň aýaly Leýla Hrapunowanyň garşysyna gozgalan jenaýat işi boýunça deslapky diňlenişini açdy. Şweýsariýada ýaşaýan är-aýal gaýybana jenaýatçy topar döretmekde we işletmekde, pul ýuwmakda, wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmakda hem-de ogrulykda aýyplanýar. Şeýle-de bu iş boýunça Hrapunow 1997-2004-nji ýyllar aralygynda şäher häkimi bolan wagtynda onuň gol astynda işlän on adam jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Almatydan çykmazlyk buýrulansoň... Читать дальше...

Demirgazyk Koreýa ýadro bombalary üçin ýangyç öndürmegini dowam etdirýär

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýa ýadro ýaraglaryndan saplanmak barada beren wadalaryna garaman, ýadro bombalary üçin ýangyç öndürmegini dowam etdirýär diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 25-nji iýulda aýtdy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 12-nji iýunda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşandan soň, Phenýanyň ýadro ýaraglaryndan örän çalt el çekjedgini, hatda Demirgazyk Koreýanyň mundan aňryk ýadro wehimini salmaýandygyny aýtdy. Pompeo 25-nji iýulda Senatyň daşary gatnaşyklar komitetinde hem respublikanlaryň... Читать дальше...

BMG-niň paneli Orsýeti türmelerdäki adam gynalmalaryny derňemäge çagyrýar

Azathabar.com 

BMG-niň adam hukuklary ekspertleri rus häkimiýetlerini Orsýetiň türmelerinde we zähmet düzediş lagerlerinde giň ýaýrandygy aýdylýan adam gynalmalaryny, şol sanda urup-ýençmeleri, elektrik toguna tutmalary we bogup demikdirmeleri derňemäge çagyrdylar.  BMG-niň adam gynamalaryna garşy komitetiniň başlygy Ýens Modwig (Jens Modvig) 25-nji iýulda Ženewada Orsýetiň hasabaty diňlenende, türmede ölýänleriň köplügi boýunça bu ýurduň Ýewropa geňeşine degişli ýurtlaryň arasynda “iň ýokary derejeleriň” birini alýandygyny... Читать дальше...

Pakistan: Saýlawlaryň deslapky netijeleri oppozisiýa lideri Hanyň öňdeligini görkezýär

Azathabar.com 

Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Pakistanda geçirilen saýlawlaryň deslapky netijeleri oppozisiýa lideri Imran Hanyň partiýasynyň häzirki dolandyryjy partiýadan öňe geçendigini görkezýär. Emma dolandyryjy partiýanyň liderleri eýýämden zorluk-sütem arasynda gijigen saýlaw netijelerini “galplaşdyrylan” diýip, ret etdiler. “Roýters” habar agentligi 26-njy iýulda berlen sesleriň 30 prosentiniň sanalandygyny, Pakistanyň saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, Hanyň Tehrike Ynsap partiýasynyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Энди Роддик

Энди Роддик: «У меня было несколько типов рака кожи с тех пор, как я завершил карьеру»






4 современных общественных пространства появятся на севере Москвы в 2024 г

Ярославский энергетик принял участие в Параде Победы в Москве

Москвичам рассказали, к чему готовиться летом после снегопадов в мае

Орловская область стала пользоваться большей популярностью у туристов