Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Azerbaýjanda elektrik togy kesildi

0
Sişenbe güni ir bilen Azerbaýjanyň ähli sebitlerinde elektrik togy kesildi. Bu aralykda, resmiler toguň üpjünçiliginiň ýurt boýunça dikeldilip başlanandygyny habar berdiler.


Resmiler toguň kesilmegine Mingaçewir şäherindäki elektrik stansiýasynda dörän partlamanyň sebäp bolandygyny aýtdylar.


Prezidentiň edarasy adatdan daşary yssy howa sebäpli adamlaryň köpçülikleýin ýagdaýda sowadyjylary işledendigini, munuň hem elektrik stansiýasyndaky partlama getirendigini maglumat berdi.


Bu günler Azerbaýjanda howanyň yssylygy 40 gradusdan hem aşýar.


Azerbaýjanyň Adatdan daşary ministrligi ýangyn söndürijileriň elektrik stansiýasyndaky ody gözegçilige geçirendiklerini habar berdi. Partlamada hiç kimiň ýaralanmandygy we heläk bolmandygy hem mälim edildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса