Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Pakistanyň ozalky premýer-ministri Nawaz Şarif 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

0
Pakistanyň korrupsiýa garşy sudy ozalky premýer-ministr Nawaz Şarifi gymmatbaha london kwartiralaryny satyn alandygy üçin 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi diýip, aýyplaw aklawçysy

Sardar Muzaffar Abbas aýtdy.


Şeýle-deAbbas suduň ol emläkleriň konfiskasiýa edilmegini buýrandygyny aýtdy. Agyr hassa bolan aýalyna seretmek üçin Londonda bolan Şaifiň bu hökümden şikaýat etmegine garaşylýar. Ol suddan höküm çykarman, Londondan Pakistana dolanyp gelýänçä garaşmagy talap etdi. 


67 ýaşyndaky Şarif 2017-nji ýylda jarnamada görkezilmedik emläkleri sebäpli premýer-ministrlikden aýryldy we syýasatdan çetleşdirildi.


Onuň gyzy, parlamente dalaş edýän we kakasynyň syýasy mirasdüşeri hasaplanýan Marýam ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, media habar berdi.


Şarif ozal bu sud seljermelerini özüne garşy syýasy äheňli bolmakda aýyplady.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса