Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Tramp NATO-nyň sammitiniň başynda tankydy çykyş etdi

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp NATO-nyň Brusseldäki iki günlük sammitiniň başynda öz çykyşyny nägile äheňde başlady we Germaniýany tankyt etdi.


Tramp Germaniýanyň ABŞ-nyň ony “Orsýetden goramagyny” garaşýarka Moskwa bilen bahasy “milliardlarça dollarlyk” gaz geçiriji boýunça ylalaşyk baglaşýandygyny belledi.


11-nji iýulda NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg bilen nahar başyndaky duşuşykda eden çykyşynda Tramp: “Biz Germaniýany goraýarys. Biz Fransiýany goraýarys. Biz her kimi goraýarys” diýdi. Şeýle-de sözüniň üstüne goşup, “bu biziň ýurdumyza adalatsyzlyk. Bu biziň salgyt töleýjilerimiz üçin adalatsyz” diýip belledi.


Häzirki sammitiň NATO-nyň iň çylşyrymly duşuşyklarynyň biri bolmagy çak edilýär. Tramp NATO-nyň agzalarynyň harby çykdajylaryny artdyrmagy üçin basyş edip gelýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса