Trampyň Putine 'duşman' däl-de, 'bäsdeş' hökmündäki garaýşy Kongressde gahar döretdi
Kanun çykaryjylaryň ençemesiniň 12-nji iýulda aýtmagyna görä, olar Trampyň Orsýetiň ýalňyşlyklaryna üns bermezlige taýýar bolmagynyň ähtimallygyna aladalanma bildirdiler we Trampy 16-njy iýulda Helsinkide planlaşdyrylan sammitde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin babatynda "ýumşak" bolmazlyga çagyrdylar.
"Putin Amerikanyň dosty-da, bäsdeşi-de däl. Putin Amerikanyň duşmany - bu biziň islegimiz däl, ol şeýle bolmagy özi saýlady" diýip, Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň başlygy senator Jon Makkeýn aýtdy.
