Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Britan polisiýasy Skripal hüjüminde güman edilýänleriň şahsyýetini anyklaýar - report

0
Britan sülçüleri özleriniň ozalky rus ikitaraply agenti Sergeý Srripala we onuň gyzyna edilen nowiçok hüjüminde jogapkär diýip güman edilýän adamlaryň şahsyýetlerini anyklandyklaryna ynanýarlar diýip, “Press Association” (PA) 19-njy iýulda habar berdi.


PA bu derňewden habarly, emma ady aýdylmadyk çeşmäniň aýdan sözlerine salgylanyp, ataly-gyzy öldürmek synanyşgyna birnäçe orsýetliniň dahylly bolandygyny aýtdy. 


Çeşme güman edilýänleriň şahsyýetleriniň şol döwürde ýurda girýän adamlaryň bellige alnan howpsuzlyk wideoýazgylarynyň gaýta-gaýta barlanmagy bilen tassyklanylandygyny hem sözüne goşdy. 


Skripal we onuň gyzy Ýuliýa mart aýynda günorta Angliýanyň Salisbury şäherinde, nowiçok bilen zäherlenenlerinden soň, oturan oturgyçlaryndan  ýykylyp ýatan halda tapyldy.


Olaryň ikisem soň ýagşy boldy. London bu hüjüm üçin gaýta-gaýta Moskwany aýyplady. Orsýet oňa dahyllydygyny ret edýär.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса