Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Owganystan: Howa zarbalarynda parahat ilatdan onlarça ýaşaýjy öldi

0
19-njy iýulda Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz şäheriniň golaýyna edilen owgan-ABŞ howa zarbalarynda azyndan 14 adam, şol sanda aýallar we çagalar öldi diýip, resmiler aýdýarlar.


Häkimiýetleriň sözlerine görä, bu zarbalaryň owganmy ýa-da ABŞ uçarlary tarapyndan amala aşyrylandygy henizem nämälim bolmagynda galýar. Şol pursatda bu uçarlaryň guryýer operasiýalaryny goldamak missiýasyny amala aşyrandygy bellenilýär.


Birleşen Ştatlaryň harbylary tarapyndan ýaýradylan beýanatda hüjüme öz uçarlarynyň jogapkärdigini görkezýän hiç bir alamatyň ýokdugy aýdylýar.


Gunduz welaýat häkiminiň metbugat wekili Nematullah Temoriniň sözlerine görä, Gunduzyň çetindäki Çardara etrabyna edilen reýdlerde öldürilenleriň arasynda aýallar we çagalar hem bar.


Owganystanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Mohammad Radmaniş ölenleriň sanyny tassyklap, howa zarbalarynda parahat ilatdan başga-da iki adamyň ýaralanandygyny aýtdy.


Şu ýylyň aprel aýynda Gunduzyň Daşt-e-Arçi etrabyndaky dini mekdebe edilen owgan howa zarbalarynda azyndan 50 adam, şol sanda parahat ilatdan ýaşaýjylar ölüpdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса