Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Tramp Putini güýzde geçiriljek sammit üçin Waşingtona çagyrýar

0
Ak tamyň metbugat sözçüsi Sarah Sanders özüniň Twitter sosial ulgamynda çap eden maglumatynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň amerikan resmilerine rus prezidenti Wladimir Putini “güýzde” Waşingtona çagyrmak barada tabşyryk berendigini mälim etdi.


“Prezident Tramp [milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy John Boltondan] prezident Putini güýzde Waşingtona çagyrmagy sorady we bu barada eýýäm gepleşikler alnyp barylýar” diýip, Sanders 19-njy iýulda ýazan tweetinde belledi.


Şeýle-de, Sanders “Helsinkide Tramp iki ýurduň howpsuzlyk geňeşiniň işgärleriniň arasynda yzygiderli iş dialogyny alyp barmak barada ylalaşdy” diýip, ýazdy.


Şol güni irden Tramp Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen ýakynda geçiren sammitini “uly üstünlik” diýip häsiýetlendirip, Helsinkide maslahat edilen käbir pikirleri durmuşa geçirmek üçin “özleriniň ikinji duşuşygyna” sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.


Şeýle-de, Tramp 19-njy iýulda Twitter hasabynda çap eden maglumatynda media serişdelerini özüniň rus lideri bilen geçiren duşuşygyny “negatiw beýan” etmekde tankyt etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса