Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Palestina: Ysraýylyň harbylary bir ýetginjek oglany öldürdi

0
Palestinanyň saglyk resmileri Günbatar kenarda ysraýylly harbylar bilen bolan çaknyşyklarda bir ýetginjek oglanyň öldürilendigini aýdýarlar.


Günbatar kenaryň günortasyndaky “Bethlehem” bosgunlar lagerindäki çaknyşyklarda Ysraýylyň harbylarynyň atan oky 15 ýaşyndaky oglanyň döşüne degdi diýip, 23-nji iýulda Palestinanyň Saglygy saklaýyş ministrligi aýtdy.


Ysraýylyň armiýasy özüniň harby güýçleriniň lagere girip, protestçilere garşy “bulagaýlyk üçin ulanylýan guraly” ulanyp, iki şübhelini tussag edendigini mälim etdi.


“Operasiýalar döwründe ýiti ýowuzlyklar emele geldi. Palestinalylar [ysraýylly] esgerlere daş zyňyp, bombalary we granatlary okladylar” diýip, armiýanyň beýanatynda aýdylýar.


Esgerler protestçilere ok atyp, jogap berdi diýip, beýanatda bellenilýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса