Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Ak Tam Trampyň tankytçylaryna garşy çäre görmek haýbatyny atýar

0
Ak Tam ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Orsýet babatyndaky hökümet sanksiýalaryny ýatyrmak pozisiýasyny ýazgarýan we onuň başga pikirleri basyp ýatyrmak arkaly öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanýandygyny aýdýan alty tankytça garşy çäre görmek bilen haýbat atýar.


23-nji iýulda Ak Tam ABŞ-nyň aňtaw we kanun goraýjy edaralarynyň öňki ýolbaşçylaryny nyşana alýandygyny mälim etdi. Tramp olaryň ikisini özüniň 2016-njy ýylda saýlaw kampaniýasynyň Orsýet bilen arabaglanyşygy boýunça Federal derňew býurosy (FBI) tarapyndan geçirilen derňewler sebäpli iş başyndan çetleşdiripdi.


Ak Tamyň metbugat wekili Sarah Sanders agzalan alty sany öňki resminiň, olaryň “syýasylaşdyrylandygy we Orsýet bilen nädogry aragatnaşyk ýa-da Orsýetiň täsiri astyna düşmek ýaly esassyz aýyplamalary öňe sürmek üçin öz jemgyýetçilik we howpsuzlyk ygtyýarlyklaryndan peýdalanandygy” sebäpli nyşana alynýandygyny habar berdi.


Trampyň geçen hepdede Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygyny tankyt eden resmileriň biri Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) öňki başlygy John Brennan.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса