Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Erdogan Türkiýede tussag edilen pastor üstünde ABŞ-ny, Trampy tankytlaýar

0
Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan öz ýurdunyň tussag edilen amerikan pastory meselesinde Birleşen Ştatlara garşy durjakdygyny aýtdy we prezident Donald Trampy “psihologiki uruş” alyp barmakda aýyplady.


Türkiýäniň “Haberturk” telekanaly 29-njy iýulda Erdogany sitirläp, onuň Birleşen Ştatlar, eger-de öz gylygyny üýgetmese, “güýçli we ýürekdeş hyzmatdaşyny ýitirer” diýendigini habar berdi.


Soňky günlerde NATO ýaranlarynyň arasyndaky dartgynlyklar Ankaranyň amerikan pastory Endrýu Bransony (Andrew Brunson) tussaglykda saklamagyny dowam etdirmegi üstünde ýokarlandy. Ol türk türmesinde 18 aý oturanyndan soň öý tussaglygyna geçirildi.


Türkiýede 20 ýyldan gowrak işlän Branson 2016-njy ýylda tussag edildi we bir ýyl soň oňa terrorçylyk we içalyçylyk aýyplamalarynada günä bildirildi.


Ol Ankara tarapyndan 2016-njy ýyldaky başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň arkasynda durmakda aýyplanan adamlara kömek bermekde aýyplanýar.


ABŞ-nyň döwlet sekretary MaýkPompeo 28-nji iýulda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu bilen Bransonyň durumy barada gürleşdi. 

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса