Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Ozalky serb lideri Milişowiçiň gorag toparyna ýardamçy bolan aklawçy atylyp öldürildi

0
Bir zaman ozalky serb lideri Slobodan Milişowiçi uruş jenaýatlary sudy mahalynda goramaga kömek eden tanymal aklawçy Belgradda atylyp öldürildi diýip, resmiler aýtdylar.


57 ýaşyndaky Dragoslaw Ognýanowiç (Ognjanovic) öz kwartirasynyň daş işiginde, 28-nji iýul güni giçlik atylyp öldürildi diýip, Içeri işler ministrligi habar berdi.


Ministrlik aklawçynyň 26 ýaşyndaky oglunyň hem sag golundan ýaraly bolandygyny aýtdy.


Polisiýa hüjümçiniň gözlenilýändigini, aklawçynyň näme sebäpden öldürilendiginiň bilinmeýändigini aýtdy.


Ognýanowiç 2000-nji ýyllaryň başynda uruş jenaýatlary üçin sud edilýän Miloşowiçi goran kanun toparyna kömek etdi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса