Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 29.09.2019

Berdimuhamedowyň $30 müňlük baş baýragyny Berdimuhamedowyň aty aldy

Azathabar.com 

28-nji sentýabrda Aşgabatdaky halkara atçylyk toplumynda Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan at çapyşyk gurnalyp, oňa prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem tomaşa etmäge bardy.  At çapyşygyň öňünden dürli tomaşalar gurnaldy, çärälere gatnaşyjylar prezidenti "Arkadaga şöhrat!" diýip garşyladylar,  bagşy Jemal Saňparowa prezidente bagyşlanan täze aýdymy ýerine ýetirdi. Dürli aralyga ýedi çapyşyk geçirildi. Başdaky alty çapyşykda aty çykanlara $15 müňden baýrak berildi, soňky – ýedinji çapyşykda aty... Читать дальше...

Owganystanda gatnaşyk pes bolan prezident saýlawlarynyň sesleri sanalýar

Azathabar.com 

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň agzasy ses berişlige gatnaşygyň resmi bolmadyk hasaplamalary 28-nji sentýabrdaky prezident saýlawlaryna 2 milliondan gowrak adamyň gatnaşandygyny görkezýär diýdi, bu 2014-nji ýylda geçirilen soňky prezident saýlawlaryna gatnaşan 7 million çemesi saýlawçy bilen deňeşdirilende örän az bolýar.  28-nji sentýabrdaky saýlawlara gatnaşmak üçin 9.57 million owganly hasaba alyndy. Emma saýlawa gantaşygyň häzirki hasaplamalary oňa hasaba alnan ses berijileriň 20... Читать дальше...

Amerikan resmisi gazak jemgyýetçilik birleşiginiň ahyry hasaba alynmagyny gutlaýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet departmanetiniň ýokary derejeli resmisi Gazagystanyň häkimiýetleriniň “Atajurt epiktileri” jemgyýetçilik birleşigini resmi hasaba almaklaryny gutlady. Bu birleşik Hytaýyň Sinjiaň welaýatyndaky etniki azlyklaryň ýanalyşy barada maglumat toplaýar we Hytaýda ýaşaýan gazaklara hukuk goldawyny berýär.  ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirýän Elis Wells twitterde Gazagystanyň ýustisiýa organlarynyň bu birleşigi resmi hasaba almagyny gutlaýandygyny ýazdy. Читать дальше...

Prezident Berdimuhamedow kiçi gyzynyň adamsyny Dubaýda baş konsullyga belledi

Azathabar.com 

“Gündogar” neşiri türkmen prezidentiniň öz gyzynyň adamsyny Dubaýda baş konsullyga belländigini habar berýär. TDH 28-nji sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen Yhlasgeldi Amanowyň Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly wezipesine bellenendigini habar berdi. Resmi habarda Amanow barada başga maglumat berilmeýär. “Gündogar” neşiriniň ýazmagyna görä, Y.Amanow 1983-nji ýylda Aşgabatda doguldy we 2004-nji ýylda G.Berdimuhamedowyň kiçi gyzy Güljahana öýlendi. Читать дальше...

Tramp Ukraina bilen bagly impiçment derňewini “iň uly kezzaplyk” atlandyrýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, hamala Ukraina berilmeli harby kömegi saklap, öz syýasy garşydaşynyň derňelmegi üçin Kiýewe basyş edendigi barada aýdylýanlar bilen bagly impiçment derňewini “amerikan syýasatynyň taryhyndaky iň uly kezzaplyk” diýip häsiýetlendirdi Tramp sosial mediada ýerleşdirilen 38 sekundlyk wideo beýanatynda şu hepdäniň başynda Wekiller öýünde impiçment derňewine başlan demokratlaryň “ähli zady almak isleýändigini” aýtdy. Ol demokrtalar “siziň ýaraglaryňyzy, azatlygyňyzy... Читать дальше...

Rus oppozisiýasy Moskwada tomusky protestlerden soň täze belentligi nazarlaýan ýygnanyşyk geçirýär

Azathabar.com 

Kremliň opponentleri Moskwada, rus paýtagtyny gaplan we häkimiýet güýçleriniň zorlukly basyp ýatyrmalaryna yçran tomusky protestlerden soň ara düşen böwşeňligi daraldyp, uly demonstrasiýa geçirmegi planlaşdyrýar.  29-njy sentýabrda geçirilýän ýygnanyşyga şäher häkimiýetleri rugsat berdi we ol, üç hepde ozal bolan we soňky bir onýyllyga golaý wagt içinde Orsýetde bolan durnukly hökümete garşy protestlere itergi beren saýlawlardan bäri guralýan iň uly ýygnanyşyk bolar.  Prezident Wladimir Putiniň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Андрей Рублёв

В России назвали подвигом победу Рублева на "Мастерсе" из-за болезни






Евгений Аверин. Объекты инверсивной силы

Заслуженному тренеру России Василию Шестакову вручили орден «Достук»

Если ж/д рейс «Нижний Новгород – Крым» будет востребован, то его продлят

Пескоструйную очистку более 170 инженерных сооружений проведут в Москве