Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Новости за 18.10.2019

Aşgabatda adam başyna satylýan towuk budunyň möçberi çäklendirildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilatyň günübirin ulanýan ösümlik ýagy, ýumurtga we towuk budy ýaly azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär. Aşgabadyň döwlete degişli käbir dükanlarynda adam başyna satylýan towuk budunyň möçberi çäklendirildi.

Baýramçylyk at çapyşygynda aýagyny döwen at uruldy

Azathabar.com 

Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen at çapyşykda bir atyň ýykylandygy we baş baýraga çäklendirme girizilendigi mälim boldy. Azatlyk Radiosy 28-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen at çapyşykda ýüze çykan ýagdaýlaryň käbir jikme-jiklerini anyklady. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň atçylyk toplumynda geçirilen at çapyşygyň tomaşaçylary bir atyň ýykylyp aýagyny döwen pursadyna şaýat boldular.  "28-nji sentýabrda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ipodromda at çapyşyk geçirildi. Читать дальше...

ABŞ-ly türgenleriň delegasiýasynyň Türkmenistana 10 günlük sapary tamam boldy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň sportuň uýgunlaşdyrylan görnüşi boýunça türgenleriniň, tälimçileriniň we dolandyryjylarynyň delegasiýasynyň Türkmenistana 10 günlük sapary 15-nji oktýabrda Aşgabatda guralan konferensiýa bilen tamamlandy diýip, Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy 17-nji oktýabrda habar berdi. Delegasiýa agzalary programmanyň çäginde mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň gatnaşýan sport çärelerini meşhurlaşdyrmak babatdaky tejribelerini paýlaşdylar we türkmenistanly kärdeşleri bilen okuw seminarlary, ussatlyk klaslary we Aşgabatda... Читать дальше...

Terrorda güman edilýän özüniň gynalandygyny aýdyp, görkezmesini yzyna alýar

Azathabar.com 

2017-nji ýylda Orsýetiň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburgyň metrosynda bolan otly partlamasynda güman edilen adam ozal aýdan zatlaryny gynamalar we gorkuzmalar astynda aýdandygyny aýdýar. 15 adamy öldüren, 65 adamy ýaralan hüjümi gurnamakda aýyplanan gyrgyz raýaty Abror Azimow 17-nji oktýabrdaky ýokary derejeli sudda federal howpsuzlyk gullugynyň ofiserleriniň özüni urup-ýenjendigini, kakasyny hem jogapkärçilige çekmek üçin, onuň öýünde partlaýjydan doldurylan ýangyn söndürijini goýjakdyklaryny aýdyp gorkuzandyklaryny gürrüň berdi. Читать дальше...

Žanaozen şäheriniň sudy protest liderini 'bozgaklykda' günäli tapdy

Azathabar.com 

Gazagystanyň Žanaozen şäheriniň sudy protest ýolbaşçysyny, şu ýylyň başynda işsiz ýaşlaryň protestlerini gurnandygy üçin, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Eržan Elşibaýew 2017-nji ýylda bolan bir ýakalaşmada, protestler bilen baglanyşygy bolmadyk wakada başga bir adama ten ýarasyny salmakda günäli tapyldy. Elşibaýew we onuň tarapdarlary bu aýyplamalary ret edip, olaryň syýasy äheňlidigini we gaýdyp protest hereketlerine ýolbaşçylyk etmekleriniň öňüni almak üçin toslanyp tapylandygyny aýtdylar. Читать дальше...

Ermenistan BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde orun aldy

Azathabar.com 

Ermenistan 193 ýurtdan 144 ses alyp, BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň täze 14 agzasynyň biri boldy. Ermenistan we Polşa 17-nji oktýabrda gizlin ses berişlikde zerur bolan sesleri alyp, 47 orunly geňeşiň Gündogar Ýewropa regiony boýunça elýeterli bolan täze iki ornuna saýlandy, emma Moldowa ornuny ýitirdi. “Bu halkara jemgyýetçiliginiň biziň ýurdumyza bildirýän uly ynamyndan nyşan, hususan-da adam hukuklary meselesinde” diýip, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan öz feýsbuk sahypasynda ýazdy. Читать дальше...

ABŞ Kongresiniň metbugat azatlygy topary täjik prezidentine aladaly hat ýazdy

Azathabar.com 

ABŞ Kongresiniň metbugat azatlygyna berlen kanun çykaryjylary AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň žurnalistlerine, öz sözleri bilen aýtsak, yzygiderli azar berilmeginden we haýbat atylmagyndan alada bildirip, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmona hat ýazdylar.  9-njy oktýabrda ýazylan hatyň aşagynda Kongresiň Wekiller öýündäki Metbugat azatlygy toparynyň egindeş başlyklary Adam Şiff (Schiff) (Demokrat-Kalifornia)we Steve Çabot (Respublican-Ohio) gol çekipdir. Olar dowam edýän hökümet çäklendirmeleriniň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Стефанос Циципас

Паула Бадос и Стефанос Циципас расстались | Виды спорта






"Праздник со слезами на глазах". Подборка трогательных и добрых снимков встречи фронтовиков с войны

Акция «Гордимся героями» прошла в Балашихе

«Европейский рейх» вчера и сегодня: Гитлер — как кризисный управляющий ЗАО «Европа»

"Раз-раз, хардбас": За накладку в эфире парада Победы режиссеру грозит штраф