Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2020

Новости за 22.04.2020

Zelenskiý Saakaşwilä Ukrainanyň wise-premýeri bolmagy teklip etdi

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwilä ukrain hökümetiniň reformarlar boýunça wise-premýeri wezipesini hödürledi. Bu barada çarşenbe güni Saakaşwiliniň özi Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy.   Saakaşwiliniň sözlerine görä, ol bu meseläni eýýäm premýer-ministr Denis Şmygal bilen maslahatlaşypdyr. Saakaşwili bu teklibi “uly hormat” atlandyryp, saýlawlar döwri Zelenskiýi goldandygyny hem belläp geçdi. Ol “Ukrainanyň gelejegi üçin Zelenskiýiň toparyna uly umyt baglaýandygyny” hem nygtady. Читать дальше...

Nebitiň negatiw bahasy? Dünýäde nämeler bolýar?

Azathabar.com 

Esasy bazar güýçleri bolan talap we isleg sebäpli, söwdagärler indi maý ýa-da iýun aýlarynda çig nebit ýerlemek üçin geljekki şertnamalary satyn almak isleýän alyjylary tapyp bilmän kösenýärler.

BSG Belarusa koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin köpçülikleýin çärelerini ýatyrmaga çagyrýar

Azathabar.com 

Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) Belarus hökümetine ýüzlenip, ýurtdaky koronawirusyň ýaýramagyny gowşatmak maksady bilen, köpçülikleýin çärelerini ýatyrmaga, şeýle-de sosial aralyk boýunça çäreleri geçirmäge çagyrdy. Bu rekommendasiýalar şu aýyň başynda Belarusyň pandemiýa garşy görýän tagallalaryny seljermäge gelen BSG-nyň ekspertleriniň topary tarapyndan 21-nji aprelde edildi. Beýanatda koronawirus bilen bagly ýüze çykarylan ýagdaýlaryň “çalt depginler bilýän ösýändigi” bellenilýär. Saglyk... Читать дальше...

Eýran harby satellitini orbita uçurandygyny adýar

Azathabar.com 

Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy (YRSK), ençeme aýa çeken şowsuz synanyşyklardan soň, harby satellitini orbita üstünlikli uçurmagy başarandygyny aýtdy. Döwlet telewideniýesi we YRSK bilen ilteşikli Tansim habarlar gullugy satelletiň 22-nji aprelde “şowly” uçurylandygyny aýtdylar. Eýranyň satelleti uçurandygyny bada-bat garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady. Emma, ekspertler munda ulanylan tehnologiýalaryň Eýranyň kontinentara ballistik raketalaryny özleşdirmegi üçin ulanylyp bilinjekdigine alada bildirdiler. Читать дальше...

BMG-niň ekspertleri Eýranda kämillik ýaşyna ýetmedik tussagyň jezalandyrylyp öldürilmegine “şok bolandyklaryny” aýtdylar

Azathabar.com 

BMG-niň hukuk ekspertleri Eýranda kämillik ýaşyna ýetmedik ýene bir tussagyň jezalandyrylyp öldürilmegine “şok bolandyklaryny” aýdyp, munuň halkara kanunçylygyna çapraz gelýändigini bellediler. Adamy pyçaklap öldürmekde günäli tapylan Şaýan Saidpuryň hökümi çykarylan mahaly, ol 17 ýaşyndady. Saidpur 21-nji aprelde dardan asyldy. Bu barada BMG-niň ýörite reportýorlary Jawaid Rehman we Agnes Kallamard hasabat berdiler. Olar Eýranda, ýakynda türmelerdäki bolan bidüzgünçilikler bilen baglylykda, ýene-de... Читать дальше...

Täjik aktiwistleri resmileriň ‘koronawirus ýok’ öňe sürmesine şübheli garaýarlar

Azathabar.com 

Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň sany 2,5 million adamdan aşan, şeýle-de ol sebäpli ölenleriň sany 171 müň adamdan geçen pursady, Täjigistandaky graždan aktiwistleri ýurtda wirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýaşyrylýan bolmagynyň mümkindigine alada bildirdiler. Täjik häkimiýetleri COVID-19 wirusy bilen bagly ýurtda ýeke ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny aýdýarlar. Emma, ekspertler ýurtda garaşsyz medianyň we hökümetdäki aýdyňlygyň pesdigine ünsi çekip, bu öňe sürmeleri sorag astyna alýarlar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Ролан Гаррос

Увидит ли Париж Мирру из России? Андреева дает жару в Мадриде и включается в олимпийскую гонку






ЦСКА сыграл вничью с «Зенитом» в первом матче финала РПЛ

Заболотный — о новом контракте с ЦСКА: никаких подвижек

В Истре планируют провести восстановительные работы от площади Революции

Завтра в Астрахани автодвижение ограничат сразу в пяти местах