Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Январь
2021

Новости за 14.01.2021

Kazyýetleriň 'miras işi' bolady. Doganlar mellek, emläk dawasynada 'duşman' bolýar

Azathabar.com 

Türkmençilik däbine görä, ene-atadan galan miras maşgalanyň körpe çagalasyna geçýär we ululary bir agyz paýlaryndan geçendiklerini aýdardylar. Emma indi Türkmenistanda miras üstünde sudlara ýüz tutup, kazyýet işlerini açdyrýanlaryň sany barha köpelýär diýip, Azatlyga gowuşýan maglumatlarda aýdylýar.

COVID-19: Barha köp adam wirusa ýolugýar, daşary ýurt kärhanasy hünärmenlerini öz hasabyna bejerýär

Azathabar.com 

Koronawirusyň ýeke ýagady hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda barha köp adam, şol sanda saglyk işgärleri hem COVID-19-a ýolugýar. Ýurduň keselhanalarynyň COVID-19 alamatly hassalaryň ählisini kabul edip bilmeýändigi, näsaglaryň hem zerur dermanlary öz hasabyna satyn aldyrylýandygy baradaky maglumatlaryň arasynda, daşary ýurt kärhanalarynyň wirusa ýolugan işgärlerine öz hasabyna, özleriniň esaslandyran karantin zolaglarynda bejergi berýändigi aýdylýar. Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri... Читать дальше...

Kazyýetleriň 'miras işi' bolady. Doganlar mellek, emläk dawasynda 'duşman' bolýar

Azathabar.com 

Türkmençilik däbine görä, ene-atadan galan miras maşgalanyň körpe çagalasyna geçýär we ululary bir agyz paýlaryndan geçendiklerini aýdardylar. Emma indi Türkmenistanda miras üstünde sudlara ýüz tutup, kazyýet işlerini açdyrýanlaryň sany barha köpelýär diýip, Azatlyga gowuşýan maglumatlarda aýdylýar.

ÝHHG-nyň synçy missiýasynyň ýolbaşçysy Gygyzystanda geçirilen goşa saýlawda jemgyýetçilik çekişmeleriniň bolmandygyny aýtdy

Azathabar.com 

Geçen hepdäniň ahyrynda Gyrgyzystanda geçirilen saýlawlara Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) iberen synçy missiýasynyň ýolbaşçysy saýlawlar bilen bagly “birnäçe meselä” salgylandy. Gyrgyzystanda bir wagtda prezident saýlawlary we möhüm referendum geçirildi. 10-njy ýanwarda geçirilen saýlawlarda ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň synçy missiýasyna ýolbaşçylyk eden Tamas Meszerics Gyrgyzystanyň “saýlaw düzgünleriniň hukuk binýadynyň gowudygyny... Читать дальше...

Halkara günä geçiş guramasy Daglyk-Garabag konfliktiniň adam ýitgileriniň derňelmegini soraýar

Azathabar.com 

Halkara günä geçiş guramasy Azerbaýjan bilen Ermenistany bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde gür asuda ilatly sebitlerde bolan soňky söweşlerde “nädogry we çem gelen ýaraglaryň” ulanylmagyny derhal derňemäge çagyrdy. Gurama şeýle zarbalaryň halkara hukuga gabat gelmeýändigini aýtdy. Çaknyşygyň dowamynda iki tarapyň-da “giň meýdana täsir edýän” “halkara derejesinde gadagan edilen top oklaryny we beýleki partlaýjy ýaraglary ulanyp”, parahat ilaty nyşana alandygy barada “ýalana çykaryp bolmajak subutnamalara garamazdan”... Читать дальше...

BSG-niň hünärmenleri koronawirusyň gelip çykyşyny anyklamak üçin Wuhana bardylar

Azathabar.com 

Bütindünýä saglyk guramasynyň bilermenleri koronawirusyň gelip çykyşy barada köpden bäri garaşylan derňew işine başlamak üçin Hytaýa bardy. Hytaýyň döwlet mediasy on agzadan ybarat halkara hünärmenler toparynyň 14-nji ýanwarda Wuhana barandygyny habar berdi. Olaryň şäherde bir aý töweregi galmagyna garaşylýar. Koronawirus ilkinji gezek 2019-njy ýylda Wuhanda ýüze çykdy. Birleşen Ştatlardan, Awstraliýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan, Britaniýadan, Russiýadan, Gollandiýadan, Katardan we Wýetnamdan... Читать дальше...

Tramp Kapitolda bolan zorlugy ýazgarýar, Wekiller öýi prezidente ikinji gezek ynamsyzlyk bildirmek barada ses berdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bir hepde mundan ozal ABŞ-nyň Kapitol binasynda bolan zorlugy ýazgaryp, wideo ýüzlenme çap etdi, ýöne özüne ynamsyzlyk bildirmek barada geçirilen ses berişligi agzamady. Tramp bu wideony 13-nji ýanwarda, Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi oňa “pitnä öjükdirmek” diýilýän üçin ynamsyzlyk bildirmek barada karara gol çekýän gabatlary ýaýratdy. ABŞ-nyň Wekiller öýüniň 232 agzasy prezidente ynamsyzlyk bildirilmegini goldap ses berdi, 197 wekil muňa garşy çykdy.     ... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Соболенко уступила Свентек в финале турнира WTA-1000 в Мадриде






Yonhap: Путин заявил о готовности России к диалогу с Западом только на равных

Новый директор Коми оперы: «У нас много проблем, но начнем с художественных идей»

Призовете духов смерти, уже веет могильником: никогда не храните эти красивые вещи в своем доме

Заблудившейся девушке помогли выбраться из леса в округе Коломна